15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Her Derde Melhem

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramak üçin örän wajyp zerurlyk bolup hyzmat edýär. Tomsuna ýetişýän miweler we gök önümler bu pasylda zerur bolan witaminleriň bedenimize aralaşmagyny ýola goýýar. Eýsem, bu möwsümde haýsy miweler iýmeli?

GARPYZ

Witamine we minerala örän baý bakja önümidir. Garpyzyň düzüminde örän köp mukdarda C witamini we düwnük kesellerine garşy täsiri bolan minerallar bar. Onuň düzümindäki kaliý ýüregiň işjeňliginiň we gan basyşynyň kadaly ýagdaýda bolmagyna ýardam berýär.

GAWUN

Gawunyň rahatlyga hem-de ukusyzlyga peýdasy bar. Amerikanyň düwnük keselleri jemgyýetiniň geçiren ylmy barlaglaryna görä, gawun içegede we deride düwnük keseliniň çişleriniň döremeginiň öňüni alýar.

ERIK

Erik ýürek urgusyny kadalaşdyrýar, içegeleri ýumşadýar, işdäňi açýar we iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär

ŞETDALY

Şetdaly ýüregiň rahat bolmagyna täsirini ýetirýär, bedeni düwnük kesellerine garşy goraýar. Şeýle-de, ol iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini güýçlendirýär.

ÝERTUDANA

Ýertudana çilim tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanly täsirini azaldýar. Aşgazanyň we içegeleriň gowşaklygyny düzedýär. Bedeniň gyzgynlyk derejesini kadaly ýagdaýda saklaýar. Ýertudananyň suwy dişde daşjagazlaryň döremeginiň öňüni alýar.

ÜLJE

Ilki bilen üljäniň myşsa agyrylaryny aýyrmaga peýdasy bar. Ol düzümindäki şekeriň mukdarynyň azdygy sebäpli az kaloriýaly miwe hasaplanýar. Ülje suwsuzlygyňy hem gandyrýar.

ÜZÜM

Üzümiň düzüminde ýigrimiden gowrak antiokislendiriji maddabar. Ol böwrekleriň işjeňligini ýokarlandyrýar, bagry arassalaýar. Gara üzüm bedenimizdäki käbir öýjükleri täzeläp bilýär.

BADAMJAN

A witaminini, fosfory düzüminde saklaýan baklajan nerwleri köşeşdirýär. Ol bedendäki artykmaç suwuň çykmagyna ýardam edýär.

POMIDOR

Hususan-da, garry adamlaryň fiziki we zehin taýdan saglygyna zerur bolan antiokislendiriji maddalary düzüminde saklaýan pomidor gan damarlaryny hem goraýar.

SEMZEK

Semzek ganama kesellerini bejermek üçin peýdalydyr. Ol gany arassalaýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Tarpa-Taýyn Aradan Çykdy

Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

syrach

Halkara Olimpiadalarynda Ýaş Türkmenistanlylaryň Täze Üstünlikleri