09.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SAGLYK

Ajy Tüsse-Jana Gussa

Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde giňden ýaýraýan howply keselleriň köp sanlysynyň döremegi we ösmegi çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr. Temmäki önümleriniň ysgamak, çeýnemek, tüssesini demiňe çekmek arkaly yzygiderli ulanylmagy başga sebäpler bilen dörän keselleriň hem geçişini agyrlaşdyrýar.
Çilimiň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanlary barada maglumat almak üçin Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýüniň baş lukmany Agamurat Haýytmuradowa ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Çilimiň düzüminde 4 müňden gowrak himiki madda bolup, olar adamyň saglygy üçin örän zyýanlydyr. Iň zyýanlylary nikotin, karbon monooksid, kanserogen maddalarydyr. Nikotiniň birbada 100 — 120 milligramy bedene düşende, adamy ölüme eltýär. Ýöne çilim adamy ýuwaş-ýuwaşdan zäherleýär. Sebäbi çilim otlanyp çekilýär. Netijede, çilim çekýän adam onuň tüssesiniň diňe 15 göterimini sorýar, galan 85 göterimi töweregindäki adamlaryň dem alýan howasyna goşulýar. Bu ýagdaýa «passiw çilimkeşlik» diýilýär. Çilim tüssesi käbir adamlaryň gözüni ýaşardýar, burnundan, bokurdagyndan suw getirýär, kellagyry, baş aýlanma döredýär. Şeýle hem demgysmanyň we allergiýanyň ýitileşmegine sebäp bolýar.
Çilimiň tüssesiniň zäheri, ilkinji nobatda, dişleriň daşky syrçasyna zyýan ýetirip, onuň gara hapa bilen örtülmegine, soň göze görünmeýän jaýryjaklaryň emele gelmegine getirýär. Ine, şol göze görünmeýän jaýryjaklar hem kesel dörediji mikroblaryň adam bedenine düşmegine açyk ýol bolup durýar. Çilimiň tüssesi agyz boşlugyndaky, bokurdakdaky nemli örtügi ýakýar, wagtyň geçmegi bilen hem şol ýerde çiş emele gelip, kesel döremegine getirýär. Agyz boşlugyndaky tüýkülik mäzleri hem çilimiň tüssesiniň zyýany netijesinde, adatdakysyndan köp tüýkülik bölüp çykarýar. Düzüminde ergin görnüşinde bolan anilin, ammiak, kanserogen (rak keselini döretmäge ukyply) maddalaryny çilimkeş tüýküligi bilen içine ýuwudýar we aşgazanyň, onkibarmak içegäniň nemli örtügini ýakýar, netijede, ýara emele gelýär.
Temmäki tüssesiniň dem alyş ýollaryna ýetirýän zyýany has hem uly. Çilimkeşlerde çilim çekmeýän adamlara garanyňda, dowamly bronhit, demgysma, öýken çişmesi ýaly keseller ýüze çykýar we öýkeniň rak keseli köp duş gelýär. Çilim tüssesiniň düzümindäki zyýanly madda — nikotin gana düşüp, bedene ýaýraýar. Böwrek üstündäki mäze zyýan ýetirip, artyk mukdarda adrenalin bölüp çykarýar. Adrenalin hem gan damarlarynyň gysylmagyna sebäp bolýar, netijede, gan basyşy ýokarlanyp, gipertoniýa keseline sezewar edýär. Ýürege barýan ganyň mukdary azalýar. Bütin bedeni gan bilen üpjün etmek üçin ýürek çalt işläp başlaýar, wagtyň geçmegi bilen ýürek kesellerine getirýär. Has takygy, köp çilim çekýän adamlarda infarkt-miokardyň döremeginiň mümkinçiligi üç esse ýokarydyr. Çilimkeşlerde damarlaryň diwarlarynyň gatamagy emele gelýär, aýak we gol damarlarynda gan aýlanyşygy bozulýar. Çilimiň düzümindäki karbon monooksid damarlarda ganyň hapalanmagyna getirýär, beýniniň iýmitlenişini peseldýär. Netijede, çilim çekýän adamlaryň ýatkeşligi, ünsi we kabul edijiligi kütelýär. Zyýanly endigi taşlamak özüne erk edýän adamlar üçin kyn hem däldir. Olar ilki dört-bäş günüň dowamynda özüni ynjalyksyz, nämedir bir zady ýetmeýän ýaly birahat duýýarlar. Ýaramaz endiklere baş goşanlar 4-5 günüň dowamynda bolup geçýän ýeňiljek ýarawsyzlyga döz gelip, erkine buýrup, özüni saklap bilse, onda zyýanly endikden hemişelik dynyp bilerler. Eger-de öz erkine taşlamak başartmasa, onda olar lukmana ýüz tutup, degişli maslahaty we gerekli kömegi alyp bilerler.
Hawa, ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreş çäreleri geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Olaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

«Aşgabat II» Uly Hasap Bilen Ýeňiş Gazandy

Zagnyran – tebigatyň oýanýandygynyň buşlukçysy.

syrach

Iň Köp Soralýan Soraglar