29.2 C
Aşkabat
08.05.2024
DÜNÝÄ

Alban syýasatçysynyň Aşgabada sapary

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen paýtagtynda sapar bilen bolýan Albaniýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Rejep Meýdani bilen duşuşyk boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasatyň esasy ugurlary, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri milli taslamalar we maksatnamalar barada jikme-jik habar berildi. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini we maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýän döwlet strategiýasynyň durmuş tarapyna aýratyn üns berildi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän hukuk reformalary we demokratiki özgertmeler babatda Mejlisiň alyp barýan işi duşuşykda gozgalan temalaryň biri boldy.

Şu gün Rejep Meýdani Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde ol türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň barşynda myhman Birleşen Milletler Guramasynyň 65-nji sessiýasynda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen täze konstruktiw başlangyçlara ýokary baha berip, olaryň planetamyzda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Duşuşyklara ÝeHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Arzim Zekolli gatnaşdy. Ol häzirki bar bolan we täze bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen howpsuzlyk meseleleri bilen meşgullanýan iri ýewropa guramasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek baradaky pikiri aýtdy.

Jenap Rejep Meýdani Aşgabatda bolmagynyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Globallaşmak we halkara syýasaty», «Hukuk reformalary», «Adamyň howpsuzlygy» we beýleki temalar boýunça leksiýalar bilen çykyş etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki…

Täjigistanyň we Özbegistanyň liderleri telefon arkaly gepleşdiler.

syrach

Türkmenistan-BMG: gender syýasaty meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürip

syrach