14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
Genel

Tagtabazaryň pagtaçylary zähmet ýeňşi hakynda ilkinji bolup raport berdiler

Tagtabazar etrabynyň kärendeçi pagtaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar we Mary welaýatynda hem-de tutuşlygyna alnanda Türkmenistan boýunça «ak altyn» taýýarlamak baradaky öz şertnamalaýyn borçnamalaryny möhletinden öň ýerine ýetirendikleri hakynda raport berdiler.

Tagtabazar etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynyň zähmetkeşleri öz zähmet ýeňşini şanly baýramçylyk bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlap, Watan harmanyna ýokary hilli pagtanyň 15 500 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Munuň özi etrabyň kärendeçileriniň, agronomlarynyň, mehanizatorlarynyň, sürüjileriniň, pagta ýygym konweýerini guramaçylaryň hem-de oňa gatnaşyjylaryň bitiren umumy üstünligidir. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 9-syndan 6-sy öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. «Marçak», «Üzümçilik», «Pendi», «Ýaşlyk», «Azatlyk» we «Miweçilik» daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri aýratyn tapawutlandylar. Ýygnalan hasylyň esasy bölegini etrabyň toprak-howa şertlerinde özüniň oňat tarapyny görkezen «Ýolöten-7» orta süýümli sortdaky pagta düzdi.

Tagtabazarly pagtaçylaryň zähmet ýeňşi ýerlerdäki daýhanlaryň oba hojalygyny ösdürmäge we türkmen obasyny gülletmäge aýratyn üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasyna iş bilen jogap berýändikleriniň ýene-de bir subutnamasydyr. Tagtazar etrabynyň pagtaçylary ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly dolulygyna we ýitgisiz ýygnamak hem-de Watanymyzyň uly harmanyna ýene-de borçnamadan artyk 2500 tonna «ak altyny» tabşyrmak üçin pagta hasylyny ýygnamagyň depginlerini gowşatmaýarlar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm