25.7 C
Aşkabat
08.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Alphabetiň» Aksiýalary 1 Trillion Dollara Ýetdi

«Google» kompaniýasyna eýelik edýän «Alphabet» holdinginiň kapitallarynyň umumy mukdary 1 trillion dollara ýetdi. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär. Neşiriň ýazmagyna görä, «Alphabetiň» aksiýalarynyň nyrhy 16-njy ýanwarda 0,8 göterim artyp, 1450,16 dollara ýetdi.

Şeýlelikde, ABŞ-daky bu kompaniýa dünýä boýunça umumy kapitaly 1 trillion dollardan geçen dördünji kompaniýa boldy. Mundan ozal bu sepgide «Apple», «Amazon» we «Microsoft» kompaniýalary ýetip bilipdi.

«Alphabetiň» aksiýalary 2020-nji ýylyň başyndan bäri 7,5, 2019-njy ýylyň dowamynda bolsa 28 göterim gymmatlady diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

«eMarketer» statistiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda gözleg torlaryndaky mahabatlaryň 73 göterimi «Google-da» ýerleşdirilipdir. Tutuş mahabat dünýäsi boýunça edilen işleriň bolsa 31 göterimi «Google» gözleg toruna degişlidir.

Kompaniýa 2019-njy ýylyň üçünji çärýeginde diňe mahabatdan 40, milliard dollar gazandy. Bu bolsa 2018-nji ýyldaky girdejiden 20 göterim kändir.

Kompaniýanyň ýylyň dördünji çärýegindäki girdejileri baradaky maglumatlar 3-nji fewralda belli bolar.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NTA5Mg==

Degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy Tamamlandy

Sürüjiler Wagtlaryny Tygşytlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ildeşlerimizi Türkmen Gawunynyň Güni Bilen Gutlady