10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

«Altyn Asyr» «Köpetdagdan» Üstün Çykdy, «Ahal» «Şagadamdan»

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji oýun güni iki duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» topary myhmançylykda «Köpetdagy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Gazanan bu ýeňşinden soň 21 utuk toplan paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy.

Türkmenbaşyda geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» bilen «Ahalyň» arasynda geçirilen duşuşyk 1:2 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, 21 utugy bolan «Altyn Asyr» ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Ahal» (21 utuk) hem-de «Aşgabat» toparlary eýeleýärler.

Futbol çempionatymyzyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji hem-de 2-nji iýunda geçirilip, onda «Altyn Asyr» – «Energetik», «Nebitçi» – «Aşgabat», «Merw» – «Şagadam» hem-de «Ahal» – «Köpetdag» toparlary duşuşarlar.

11-nji tapgyryň netijeleri:

«Şagadam» – «Ahal» – 1:2

Gollar: 90+3, 11 m.j.u Yhlas Magtymow (“Şagadam”) – 30 Ilýa Tamurkin, 37 Murat Ýakşiýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 35 Farhat Italmazow, 43 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”) – 43 Gurbangeldi Aşyrow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1500

«Köpetdag» – «Altyn Asyr» – 1:2

Gollar: 25 Döwletmuhammet Seýitmuhammedow (“Köpetdag”) – 32 Resul Hojaýew, 65 Rahman Myratberdiýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 28 Serdar Baýramow, 31 Möwlamberdi Goşşanow, 37 Ybraýym Mämmedow, 62 Elýas Akyýew (“Köpetdag”) – 35 Ahmet Ataýew, 37 Furkat Tursunow, Oýundan soň Mämmet Orazmuhammedow (oýundan soň) (“Altyn Asyr”)

Oýundan çykarylanlar: 75 Elýas Akyýew, ikinji duýduryş (“Köpetdag”) – 80 Ahmet Ataýew, ikinji duýduryş (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 800

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Ilçisi TOPH Gaz Geçirijisiniň Gurluşygynyň Depginini Ýokarlandyrmagyň Mümkinçiliklerini Maslahatlaşdylar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempiony Galkan topary.

syrach