26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

Ýurdumyzyň öýjükli “Altyn Asyr” aragatnaşyk ulgamynyň belgileriniň sany artdyrylýar. Eger-de, 2007-nji ýylda bu ulgamdan peýdalanýanlaryň sany 35 müňe deň bolanlygyndan, häzirki wagta çenli olaryň sany 5 milliona ýetdi.

Diňe geçen ýylyň dowamynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 430 müň artdy, Internete peýdalanyjylaryň 198 müňden gowragy birikdirildi.

Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň köp şahaly görnüşi üstünlikli işleýär. Häzirki wagtda aragatnaşygyň bu görnüşi ýurdumyzyň çäginiň 97 göterimini eýeleýär. 2016-njy ýylda binýatlaýyn beketleriň 160-sy gurnaldy.

Türkmen hünärmenleri tarapyndan alysda ýerleşýän oba ýerlerinde öýjükli aragatnaşygy ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Diňe Ahal welaýatynyň obalarynda aragatnaşygyň hilini gowulandyrmak maksady bilen şu ýyl 2G we 3G ülüňli beketleriň 40-sy gurnaldy. Ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatyny üpjün etmek üçin beýleki welaýatlarda hem öýjükli aragatnaşyk beketleriniň ýene-de 60-sy oturdylar.

Degişli makalalar

Nebit, Dokma Önümleri, Pagta Süýümi we Bugdaý Birža Söwdalarynyň Esasy Önümleri Boldy

turkmenhabargullugy

Beýik Ýeňiş-Mizemez Hatyra

Mukam Ýolunyň Dowamy