14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SPORT

Altyn Asyr Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň Eýesi

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi. Şu gün, aýgytly duşuşykda ýurdumyzyň çempiony bolan bu topar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny ýeňil bolmadyk ýagdaýda 2:1 hasabynda utdy. 

Duşuşygyň ilkinji sekundlary, arzyly kuboga dalaş edýän toparlaryň bu duşuşyga ykjam taýýarlanandyklaryny we olaryň kubogy eýelemäge mümkinçilikleriniň deňeçerdigini görkezdi. «Aşgabat» stadionynda geçen bu duşuşykda, futbolçylaryň öz orunlarynda örän ygtybarly oýnamaklary netijesinde, esli wagtlap hasap açylmady. Duşuşygyň 68-nji minudynda, burçdan oýna girizilen top, «Şagadamyň» jerime meýdançasyna gönükdirildi. Ýokardan gelýän top ugrunda, «ikinji gatda» bolan göreşde «Altyn Asyryň» oýunçysy Myrat Ýagşyýew topa hemmeden öňürti ýetişip, ony kellesi bilen derwezä gönükdirdi we 1:0 hasabynda öz toparyny öňe çykardy. 

Myhmanlar, duşuşygyň tamamlanmagyna örän kän wagt galmanlygy sebäpli, bada-bat hasaby deňlemek üçin öňe okduryldylar hem-de hüjümlerini güýçlendirip başladylar. Oýnuň 79-njy minudynda, olaryň sag tarapdan geçiren hüjümleriniň biri üstünlikli tamamlandy. Deňizýaka şäheriň futbolçylarynyň arasynda hüjümçi Yslam Muhadow tapawutlandy hem-de hasap deňleşdi – 1:1. 

Hasabyň deň bolmagy we oýnuň esasy wagtynyň azalmagy, duşuşygyň haýal depginde dowam etmegine getirdi. Ýöne, duşuşygyň 92-nji minudynda “Şagadamyň” goragçylary ýalňyşlyga ýol berdiler. Olaryň ýalňyşlygyndan aşgabatlylaryň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew ýene-de bir gezek peýdalandy hem-de ikinji, az-kem soňra aýan bolşy ýaly, ýeňiş topuny derwezä girizdi. 

Bu duşuşyk paýtagtymyzyň hem-de deňizýaka şäheriň futbolçylarynyň arasynda geçen ilkinji final oýny däldir. Geçen ýyl Balkan welaýatynyň bu futbol topary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky aýgytly duşuşykda «Altyn Asyr» bilen duşuşypdy we çekeleşikli göreşde öz garşydaşyndan ýeňilipdi. Paýtagtly futbolçylar 2015-nji ýylda milli ýaryşlaryň hemmesinde ýeňiji bolmagy başarypdylar. Ýazguly Hojageldiýewden tälim alýan futbolçylar çempionatyň ýokary ligasynda we ýurduň Kubogy ugrunda ýaryşda gazanan ýeňişleriniň üstüne Naýbaşy kubok ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňişlerini hem goşdular. 

Ýeri gelende aýtsak, mundan birnäçe gün ozal «Altyn Asyr» Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem ynamly badalga aldy. Topardaky duşuşykda ildeşlerimiz Liwanyň «Al Ahed» futbol toparyny 2:0 hasabynda ýeňdiler hem-de üç utuk toplap, «A» toparda birinji orunda barýarlar. Bu toparda ýaryşyň final bölegine çykmak üçin Iordaniýanyň «Al Wehdat» hem-de Bahreýniň «Al Hidd» toparlary göreşýärler. 

Ildeşlerimiz indiki halkara duşuşygyny 8-nji martda, myhmançylykda «Al Hidd» topary bilen geçirer.

Degişli makalalar

TFF-niň Eminleriniň Gatnaşmagyndaky Okuw Ýygnanyşygy Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Höweslendirmek Sport Ýeňişleriniň Kepili

turkmenhabargullugy

Sport Syny

syrach