22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabat 2017 Türkmen Milli Taýboks Ýygyndy Toparynyň Tälimçisi Üçin Buýsandyryjy Pursat Bolar

Aşgabat 2017 Türkmen Milli Taýboks Ýygyndy Toparynyň Tälimçisi Üçin Buýsandyryjy Pursat Bolar

Türkmenistan 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýboks boýunça ýaryşa gatnaşjak 37 türgenden ybarat bolan milli ýygyndy toparynyň sanawyny mälim etdi.

Merkezi Aziýa sebitinde şu wagta çenli geçirilen köpugurly sport ýaryşynyň iň giň gerimlisi bolan Aşgabat 2017 oýunlary 2014-nji ýylda resmi ýagdaýda ykrar edilen taýboks sport görnüşiniň Türkmenistanda has giňden ýaýramagyna ýardam berer. Bu pursat türkmen taýboksçylarynyň tälimçisi Orazmuhammed Bäşimow üçin üstünlikli netijeleriň hözirini görjek pursady bolar.

Türkmenistanyň Taýboks we garyşyk söweş sungaty federasiýasynyň prezidenti bolan O. Bäşimow sportuň taýboks görnüşiniň döremegi we dowam etmegi üçin köp işler geçirdi .

Ol federasiýany 2014-nji ýylyň dekabrynda esaslandyrdy we şol wagt eýýäm halkara ýaryşda ýokary netije görkezmegi başaran türgenleriň iň gowularyny saýlap seçdi.

“Federasiýanyň düýbi tutulanda türgenleri tapmak, bu ugur üçin taýýarlamak kyn boldy, sebäbi sportuň bu görnüşi ýurtda ýaýradylmadykdy . Üç aý geçensoň ýurt derejesinde çempionat geçirdik. Bu çempionat taýboksyň ýaýramagyna itergi berdi. Kem-kemden boks, uşu, karate we kikboksing bilen meşgullanýan türgenler toparymyza goşuldy, şeýdip milli ýygyndy toparynyň özeni döredi” diýip, toparyň tälimçisi gürrüň berdi.

Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ilkinji türgenleriň käbirleri eýýäm Türkmenistanyň adyny taýboks dünýäsinde tanatmagy başardylar we öz ýurdunyň abraýyny gorap, birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşdylar hem-de baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Nabat Batyrowa 2014-nji ýylda Tailandyň Phuket şäherindäki Aziýa kenarýaka oýunlarynda, Rasul Rasulow bolsa 2015-nji ýylda Tailandyň Bangkok şäherindäki Dünýä kubogynda bürünç medallara mynasyp boldular.

Bir ýyldan soň 2016-njy ýylda Şwesiýanyň Ýonkoping şäherinde geçirilen dünýä çempionatyndaRüstem Baýramdurdyýew hem Mustafa Saparmyradow kümüş medallara mynasyp boldular.

Ýokarda ady agzalan dört türgen sentýabr aýynda geçiriljek Aşgabat 2017-de Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, medal almaga garaşylýan türgenlerdir. Öň karateçi bolan we 60 kg agramda çykyş etjek 24 ýaşly N.Batyrowa ýaryşa taýyndygyny aýtdy: “Phuketde bürünç medalyny alanymdan bäri meniň esasy maksadym öz ata Watanymda mynasyp çykyş etmek. Oýunlaryň başlanmagyna az wagt galdy we men özümi öňümdäki kynçylykdan üstün çykmak üçin ruhy taýdan taýýarlaýaryn. Öz ýurduňda çykyş etmek hemişe tolgundyrýar, emma men özüme erk etmegi başararyn”.

Şol bir wagtyň özünde 12 ýylyň dowamynda boks bilen meşgullanan Rasul Rasulow (erkekleriň arasynda 86 kg) durmuşda iň gowy çözgüdi barada gürrüň berdi: “Boks sporty el bilen urgulary kämilleşdirýär, taýboksynda bolsa esasan aýak bilen urgulara üns berilýär. Meniň üçin täze sporta geçmek biraz kyn boldy. Emma öwrenişenimden soňra men taýboksdan lezzet alyp başladym, hat-da ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp başladym. Men sport görnüşini çalyşmagyň durmuşymda iň gowy netijeleriň biri bolandygyna düşünýärin”.

57 kg agram derejede çykyş edýän Rüstem Baýramdurdyýew Türkmenistanyň abraýyny gorajakdygyny buýsanç bilen beýan edýär: “10 ýylyň dowamynda boks bilen meşgullanandygyma garamazdan, men taýboksyna gatnap, medal gazanyp başladym. Öz ýurdumyzda geçirilýän ýaryşda watanymyzyň abraýyny has-da belende göterjekdigime tüýs ýüregimden ynanýaryn. Men hepdede 6 gün we günde 5 sagat türgenleşik geçýärin. Men çeken zähmetlerim ýerde galmaz we medal gazanaryn diýip umyt edýärin”.

Mustafa Saparmyradow (67 kg) halkara ýaryşlarda çykyş etmek tejribesine daýanýar. Ol bu barada şeýle diýdi: “Şwesiýada kümüş medal alanymdan soňra, özüme bolan ynamym artdy. Men bu pursata köpden bäri taýýarlyk görýärin we öz Watanymda çykyş etmek, ýeňiş gazanmaga bolan ynamymy hasam artdyrýar. Men garşydaşlarymyň ussatlygyndan hem habarly, emma ýüregime gorky aralaşmagyna hiç hili pursat bermerin”.

Mundan başga-da 35 ýaşly Enejan Welmyradowa hem öz öňünde goýan maksadyna, ýagny medal almak üçin gaýduwsyz zähmet çekýär. Öň boksçy bolan E. Welmyradowa geçen ýyl ene boldy we ringde öz ussatlygyny görkezmek üçin ýaryşa gatnaşar. Ol bu barada: “Bäbegim bolan soň tiz wagtyň içinde söweş sungatyna dolanyp gelmek aňsat bolmady. Emma men Aşgabat 2017-de çykyş etmäge höwes edýärdim. Indiki aý gyzjagazym maşgalam bilen meniň çykyşlaryma tomaşa eder. Men gyzym üçin görelde bolasym gelýär. Men ýaryşa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip gürrüň berdi.

Taýboksy boýunça ýaryşlar 17-21-nji sentýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki Taýboks we kikboksing arenasynda geçiriler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Saýlawlarda Gazanan Ýeňişi Bilen Döwlet Baştutanlary Gutladylar

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 28.02.2020-30.03.2020

turkmenhabargullugy

Poçta Aragatnaşygy Hyzmatlarynyň Çägi Giňelýär

turkmenhabargullugy