30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aman Amangeldiýewiň Ýagty Ýadygärligine Bagyşlanan Sergi

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk nakgaşy Aman Amangeldiýewiň işleriniň sergisi açyldy. Golaýda aradan çykan žiwopisçi aýatda diri gezip ýörenliginde 90 ýaş toýuny toýlamalydy.

Sergä gelenler nakgaşyň işleri bilen tanyşlygy onuň 1979-njy ýylda çeken awtoportretinden başlaýarlar. Daşyndan göräýmäge ony şeýle keşpde görmediklere ýat görünse-de, onda döwrüň ruhyny we oňa mahsus wakalary takyk beýan etmäge ussat Aman Amangeldiýewiň şahsyýeti görünýär.

Türkmen žiwopisiniň muşdaklary üçin iki nakgaş dogan Aman we Çary Amangeldiýewler bütewiligiň aýrylmaz bölegi ýalydy. Ençeme ýyllap ikisem bir ýerde, şol bir kärde işlediler. Ýöne olar dogan bolsalar-da, häsiýeti, döredijilik ýörelgleleri saýrydy. Çary Amangeldiýew köpüň adamsydy, Nakgaşlar birleşiginiň bir çäresinem sypdyrmazdy, Aman Amangeldiýew bolsa, ýekelikde öz ussahanasynda işlänini kem görmezdi, nobatdaky suratyny çekmekden belent lezzet islemezdi. Çary suratlarynda taryh sahypalaryny beýan etse, agasy zähmet adawlaryny wasp edýärdi.

ХХ asyryň 60-njy ýyllarynda nakgaşlaryň öňünde şekillendiriş sungatynda zähmet adamsynyň keşbini şekillendirmek wezipesi goýlupdy. Ol žiwopisçileriň aglabasyny kyn güne goýdy. Ýöne Stanislaw Babikowyň Hazaryň balykçylary hakdaky işleri, soňra Wladimir Pawloskiniň belli senagar manzarlay peýda bolup, şol döwürde ýörgünli pikirleri düýpgöter üýtgedip, zehinli žiwopisçiniň islendik manzary janlandyryp we duýgylar bilen bezäp bilýändigini subut edipdi. Zähmet hakynda hem joşgunly, hyjuwly hemem özüne çekiji surat çekip bolýan ekeni.

Aman Amangeldiýew ömrüne bu tema wepaly boldy. Ol agyr şertlerde çöl üstünden emeli derýa çeken Garagum kanalynyň gurluşykçylarynyň zähmetine haýran galýardy. «Garagum kanalynyň gurluşykçylary» atly suratynyň gahrymanlary-da şol gaýratly we maksada okgunly adamlardy.

Kimdir biri bir kärine görä çopany siwilizasiýadan daş adam hasaplaýan bolsa gerek. Aman Amangeldiýew bu pikir bilen ylalaşmaýardy. Onuň üçin çopan hem ülkäni öwreniji, hem maldar. Ol gujurly bolmaly, dowarlaryň, möjekleriň ýagysy, ýakyn kömekçisi alabaýyň häsiýetini gowy bilmeli, tebigata, howanyň ýagdaýyna belet synçy adam bolmaly.

«Çopanlar» atly suratynda Aman Amnageldiýew ykbalyny ýabany durmuş bilen baglan dürli ýaşdaky adamlaryň dördüsini şekillendirende olary hut şeýle hem ruhda hem beýan edipdir.

«Lukman Saçly Dursunowanyň portreti» atly suraty şahyrana žiwopis tilsiminde döredilipdir. Surat çeper çözgüdi bilen özüne çekýär: ondaky goňur we gara reňk röwüşleriniň fonunda zenan maşgalanyň gyzyl bereti göze ilýär.

«Juma Ödeberdiýewiň portreti» atly işinde-de şeýle tilsim ulanypdyr. Suratyň ýerlikli reňkleri tomaşaçynyň ünsüni ýüzi gasynly we garaýşy parasatly ýaşulynyň çeper keşbinde egleýär.

Durmuş we sungat ýoly ölçeglere kybap gelmeýän we nähili baha berilýändigine parh etmän kämillige ymtylan filosof we portret ussadsy Aman Amangeldiýewe bagyşlanan sergi Nakgaşyň hem-de Watan Raýadynyň döredijilik dünýägaraýşyna, zehinine we üns beren gymmatlyklarya garamaga mümkinçilik berýär.

Tamara GLAZUNOWA

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Tutuş Ýurdumyz Türkmen Halysynyň Baýramyny Giňden we Dabaraly Belledi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach