15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek meselesine garamagyň barşynda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

Bu maslahat möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde guralýan ähli çäreler ýaly açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçdi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň kanunçylyk taýdan berkidilen özüniň konstitusion hukuklaryny erkin we doly derejede durmuşa geçirmäge bolan mümkinçiliklerini ýene bir ýola äşgär etdi.

Bu ýerde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, B.Atalyýew Mejlisiň deputaty hem-de örän jogapkärli we tejribeli ýolbaşçy bolup durýar. Salyhatly we işeňňir adam göreldeli maşgalabaşy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen işgärler toparynyň uly abraýyna mynasyp boldy. Onuň bitiren hyzmatlaryny, guramaçylyk ukybyny, ýolbaşçy wezipedäki iş tejribesini belläp, maslahata gatnaşyjylar ony Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan goldadylar.

Öz gezeginde B.Atalyýew bu ýere ýygnananlara bildirilen ynam üçin sagbolsun aýdyp, dalaşgärligiň ýokary jogapkärçiligine düşünýändigini we bildirilen ynamy abraý bilen ödemek ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň telekeçileri okgunly ösüşe mynasyp goşant goşýarlar. Soňky ýyllarda olaryň ykdysadyýetde eýeleýän orny pugtalandy we durmuşa geçirýän giň möçberli taslamalarynyň sany has-da artdy. Munuň özi hususy telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi we höweslendirilmegi netijesinde işjeň häsiýete eýe boldy.

Telekeçileriň hususy kärhanalary öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak bilen, ykdysady taýdan has bähbitli önümçilik çözgütlerini we tehnologiýalaryny kabul edýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary yzygiderli öndürmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, iň kämil tehnologiýalary we enjamlary netijeli ulanyp, ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmegine ýardam berýärler.

Döredilen şertlerden netijeli peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň telekeçileri öz önümleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny, hojalygy dolandyrmagyň iň netijeli usullary bolan hususy telekeçiligiň ähmiýetlidigini dünýä tejribesiniň ykrar edýändigini iş ýüzünde tassyklaýarlar.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm bölegini emele getirmek bilen, ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenistany demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen öňe ilerletmek üçin ägirt uly we netijeli kuwwatlyklary bir ýere jemleýärler.

Hususy telekeçiligiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşe işjeň goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy eýýamda telekeçilik bazar ykydysadyýetiniň esasy serişdesi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolmak bilen, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynda 150 müň töweregi adamyň zähmet çekýändigini bellemeli. Ýurdumyzyň telekeçileri giň möçberli şähergurluşyk, şeýle hem obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özünde kiçi we orta telekeçiligiň 14,5 müňden gowrak wekillerini jemlemek bilen, olaryň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine has işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň deputatlary milli parlamente hödürlendi.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 17-nji maddasynda “Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär. Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler” hem-de 45-nji maddasynda “Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr” diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek ýurdumyzda kanunylygyň, demokratiýanyň, islegiňi erkin beýan etmek ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

Ses bermek çäresi geçirilenden soň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň maslahatynda degişli Karar kabul edildi. Ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugradyldy.

Degişli makalalar

Woleýbol Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryş Tamamlandy

turkmenhabargullugy

«Iň Gowy Teleoperator» Bäsleşigi Jemlenildi

turkmenhabargullugy

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar Fotosuratlary