15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Amerikan olimpiýaçylary Türkmenistanda sport tejribesini alyşýarlar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde sport babatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin türkmen paýtagtyna gelen amerikan olimpiýaçylary Robert Pauers we Daniel Biri bilen duşuşyk boldy. 

Myhmanlaryň baý sport tejribesi bar. Daniel Biri akademiki küreklemek boýunça ABŞ-nyň ýygyndy toparynyň düzüminde 5 minut 19,85 sekunt netije bilen Gresiýanyň Afiny şäherinde 2004-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýadanyň altyn medalyny gazandy we dünýäniň çempiony, Dünýä kubogynyň eýesi boldy. Onuň kärdeşi Robert Pauers 1980-nji ýyldan 1990-njy ýyl aralygynda iri ýaryşlarda, şol sanda biýatlon we lyžaly ýaryşlar boýunça gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-a wekilçilik etdi. Ol türgenligini tamamlanyndan soň 14 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň lyža sport boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi bolup işledi. Häzirki wagtda R.Pauers ençeme iri sport ýaryşlarynyň esasy synçysy, şeýle hem “Amerika 300” atly meýletin we täjirçilik däl guramasynyň ýolbaşçysydyr hem-de esaslandyryjysydyr, onuň işi bütin dünýä boýunça hünärli türgenleriň we janköýerleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Bu guramanyň işläp gelen 8 ýylynda onuň wolontýerleri köp ýurtlarda boldular, olaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça hünärmenleriň 100-den gowragy bar. 

Ine, indi bolsa “Amerika 300-iň” wekilleri Türkmenistana birinji gezek geldiler. Biziň ýurdumyzda beden taýdan ösen we sagdyn nesli kemala getirmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Şunda abraýly halkara guramalary we düzümleri, şol sanda Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi we başgalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge möhüm orun berilýär. Biziň ýurdumyzda Milli olimpiýa komiteti üstünlikli işleýär. 2009-njy ýylda halkara sport hereketiniň öňünde bitiren ýokary hyzmatlaryny ykrar etmegiň alamaty hökmünde Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Milli olimpiýa komitetiniň baştutany, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hormat Ordeni bilen sylaglady. Geçen ýylda bolsa türkmen Lideri ýene-de nobatdaky abraýly sport sylagyna-ýokary sport atlarynyň biri bolan karate-donyň 10-njy danynyň hormatly eýesi diýen ada mynasyp boldy. 

“Siziň ýurduňyzda bolmak biziň üçin uly hormatdyr. Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taryhynda täze baby açmaga döreden mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris” diýip, R. Pauers aýtdy. 

Duşuşykda türkmen türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna, şeýle hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şol oýunlar, mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. 

Amerikaly myhmanlar Türkmenistanda bolmagynyň ilkinji gününde Saglyk ýolunda boldular, ol myhmanlarda uly täsir galdyrdy. “Saglyk ýolunyň tebigy keşbi Kolorado ştatyndaky maňa mähriban ýerleri ýatlatdy. Onuň paýtagty Denwer şäheri we Aşgabat şäheri örän çalymdaşdyr, bu bolsa meni öz öýümde ýaly duýmagyma täsir etdi” diýip, R.Pauers Türkmenistanda bolmagynyň ilkinji täsirlerini beýan etdi. 

Şu gün günüň ikinji ýarymynda amerikan olimpiýaçylary “Türkmenistan” teleradiogepleşikler merkezinde boldular, şol ýerde “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynyň sport synçylary üçin “Professional sporty ýaýlyma bermek” diýen mesele boýunça tanyşdyryş çäresini geçirdiler. 

Myhmanlar saparyň barşynda iri möçberli sport çärelerini guramak hem-de geçirmek boýunça üstünlikli tejribäni ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri bilen hem duşuşarlar. Mundan başga hem amerikan olimpiýaçylary Aşgabatda we Türkmenabatda sport mekdeplerinde tälim alýanlar, şeýle hem Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň türgenleri üçin birnäçe sport tanyşdyryş çärelerini geçirerler hem-de türgenleşik okuwlaryny gurarlar.

Degişli makalalar

Türkmen Türgenleriniň Bürünç Medallary

syrach

Dünýä çempionatlaryndan medallar bilen gaýdyp geldiler.

syrach

Hoş Geldiňiz V Aziýa Oýunlaryna Fotosuratlary