18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Batyr Hangeldiýew: Sport Boulinginiň Türkmenistanda Geljegi Uly

Batyr Hangeldiýew: Sport Boulinginiň Türkmenistanda Geljegi Uly

Olimpiýa şäherçesiniň ýeňil atletika toplumynyň bouling merkezindäki ýodajyklaryň 32-si dünýä hil ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylypdyr. Azianyň bouling federasiýasynyň tehniki direktory doktor Denni Santos muňa göz ýetirdi. Ol şu ýylyň iýulynda milli federasiýa bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.

Kegle şar zyňmak ruhuňy, erjelligi, sabyrlylygy we ýeňşe islegi terbiýeleýän hem güýmenje, hemem sportdyr. Bouling boýunça milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Batyr Hangeldiýew munuň şeýledigini nygtaýar.

-Boluing- Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sport görnüşleriniň biri. Onda ýurdumyza kimler wekilçilik eder?

-Ýurdumyzda onuň ösüş taryhyndan başlaýyn. 2014-nji ýylyň dekabrynda Bouling milli federasiýasy döredildi. Şol wagtam Milli sport we syýatçylyk institutynyň uçurymlarydyr talyplary Hüýrbibi Keşikowa, Nasiba Orazmedowa, Ýelena Bäşimowa, Geldi Garaýew, Serdar Ataýew, Han Hangeldiýew we beýleki zehinli türgenler topara saýlanyp alyndy. 2015-nji ýylyň tomsunda Kaluga şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanşygynda russiýaly tälimçi Aleksandr Gurkow oglan-gyzlarymyza şar bilen işlemegi öwretdi. 2016-njy ýylyň aprelinde bouling boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi, onda şahsy bäsleýikde Han Hangeldiýew ýeňiş gazandy, Serdar Ataýew kümüş baýraga mynasyp boldy. Şol ýyllyň dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda bolsa, Serdar birinji, Han ikinji orny eýelediler. Şu ýylyň iýunynda Serdar bilen Han bilelikde oýnamakda Aşgabadyň açyk birinjiliginde ýeňiş gazandylar.

-Bouling tilsim taýdan çylşyrymly sportmy?

-Höwesjeňler üçin–ýok, kyn däl. Adaty şar deňagramly, onuň özeni-birmeňzeş şar. Sport şarynda bolsa şara üýtgeşik ugur bermäge mümkinçilik berýän asimmetrik özen bölegi bolan agram bölegi bolýar, onuň agramy ýedi kilogramdanam agyr. Şonuň üçinem, ony zyňaňda ol dory bolmaly we şaryň aerodinamiki häsiýetini bilmeli.

-Ýygyndy toparymyzyň halkara ýaryşlaryndaky çykyşlary neneň boldy?

-Entek uly üstünlikler barada aýdardan ir. Sport boulingi ýurdumyz üçin sportyň täze görnüşi. Dünýä derejesinde bäsleşibiljek bouleri ýetişdirmek üçin ençeme ýyllap erjel türgenleşikler gerek. Ýöne biz ýurdumyzda geçirilýän Aziadada Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge çalşarys we oňa güýçli taýýarlanýarys. topary Geçen ýylyň güýzünde Gonkongda geçirilen Aziýa çempionatyna ilkinji gezek gatnaşmak üçin 2016-njy ýylyň tomsunda türkmen topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanşygynda boldy. Erkekler we zenanlar toparlarynyň hersinde-şahsy, bilelikde we toparlaýyn hasapda medallaryň üç toplumy ugrundaky bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz üstünlik gazanmasa-da, halkara ýaryşynda tejribe toplady. Soňundan ol türgenlerimize ýaryşlarda güýjüňi gerek ýerinde ulanmaga mümkinçilik berdi. Şu ýylyň fewralynda Gazagystanda geçirilen 20 günlük okuw-türgenleşik ýygnanşygynda türkmenistanly boulerler Almaty şäheriniň açyk çempionatyna gatnaşdylar. Oňa biziň türgenlerimizden başga-da, Gazagystanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň toparlary gatnaşdy. Onda halkara derejesinde ilkinji üstünlik gazandyk-Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy umumytoparlaýyn bäsleşikde üçünji orny eýeledi.

-Boulingde üstünlik gazanmak üçin näme etmeli?

-Sportuň islendik görnüşinde bolşy ýaly, munda türgeniň şar zyňmaly çyzygyna çenli ownuk zat ýok, ondan geçseň şowly synanşygň hasaba alynmaýar. Tehniki tarapyna-da üns bermeli. Her türgeniň daş görnüşi, özeni we eline gabat gelýän deşigi babatda tapawutlanýan şary bolýar. Bouler şary zyňanda onuň özenine we daşyna baglylykda ugry üýtgeýär. Türgen şary birinji we üçünji kegliň arasyna düşer ýaly edip zyňmaly, şonda straýk bolýar–ilkinji urgydan kegller ýykylýar. Sport boulinginde ýörüte aýakgabyň hem ähmiýeti bar—saglaklaryň çep köwşüniň oltaňy tyýpançak, sag aýagy taýmaýan bolmaly, ol bat alynýan çyzykda yz galdyrmaly däl.

-Onuň ýene näme tapawudy bar?

-Bouling oýnaýanyň maksady- birinji gezek şar 10 kegliň hemmesini urup, aňryçäk köp utuk almaly. Şunda psihologik taýýarlygyň we özüňe erk etmegiň ähmiýeti ulydyr. Bir urgynyň dogry bolmagy ýeňiş getirip biler, şonuň üçinem şary göni zyňmak üçin özüňe erk etmegi başarmaly.

Geljekki Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bouling boýunça baş baýrak ugrunda Saud Arabystanynyň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň, Gonkongyň iň güýçli toparlary güýç synanşarlar. Ýöne biziň boulerlerimizem üç ýyla golaý wagtyň içinde köp zat öwrendiler, olaram öz başarnygyny görkezerler. Oglan-gyzlarymyz şowly çykyş etmäge höwesli, köpsanly janköýerlrimiziň bizi goldamagygyna bil baglaýarys.

Degişli makalalar

29-31-nji Martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Bolar

Agzybirlik Bilen Beýiklik Tapan Nurberdi Han Hakynda Buýsançly Söhbet

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Halkara Muzeý Güni Mynasybetli…