22.2 C
Aşkabat
09.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Arkadagyň Köňül Sahawaty

Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyndan soňky oýlanmalar
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly. Gadymy Amul — döwrebap Türkmenabat. Bitarap Türkmenistan köçesi. Ak gyşyň hem ýaşyl ýazyň sepgidi. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde sähetli sene, mübärek gün hasaplanýan anna güni. Alabaharyň ak damjalary. Köňül tämizliginiň, ahlak kämilliginiň binasy. Bir duýguda birleşen, köňli jem märeke… Ine,
21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyşy şeýle aýratynlyklarydyr öwüşginleri bilen hakydalardan orun aldy…
Biz Türkmenabat şäherine penşenbe güni agşam bardyk. Açylanyna ýaňy iki ýyl bolan, kaşaň Halkara howa menzilinden çykyp, şäher merkezine tarap ýola düşýärsiň welin, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gözüňi dokundyryp duran hatarlary başlanýar. Täze jaýlaryň ýene-de ençemesiniň gurluşygynyň gyzgalaňly barýandygyna-da guwanmak guwanýarsyň. Ilkinji ädimlerden göze dolýan bu görnüşler — täze durmuşdan nyşan. Bu görnüşler — adam hakyndaky çynlakaý aladalaryň anyk güwäsi.
Ine-de, esli menzilden giç agşamy ýagtyldyp, welaýatyň baş metjidi magallaklap görünýär. Ol, bir görseň, nury-şuglasy bilen ýap-ýaňy arşdan ýere inäýdimikä diýdirýär. Bir görseňem, howalaly minaralary bilen ýerden asmana ümzük atyp durana çalymdaş. Ol hem binagärlik gözelligini, hem göwün gözelligini özünde kemsiz jemläpdir. Geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda welaýat kitaphanasy, häzirki zaman mekdeplerdir çagalar baglary, Ruhyýet, Bagt köşkleri, 10 müň orunlyk sport toplumy… ýaly kaşaň binadyr desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berlipdi. Welaýat metjidi bu gözellikleriň üstüni ýetiripdir.
Anna güni ir bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bäş welaýatyndan hem-de paýtagtymyzdan gelen ýaşulular bilen bilelikde täze metjidi açyp berdi. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär.
Halkymyzyň aňynda metjit mukaddeslik derejesine eýe. Ol Hakyň öýi hasaplanýar. Pederler metjide barýan ýoluň her ädimini ybadat bilipdirler. Metjit gurdurmak uly sogap hasaplanypdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze metjitleriň gurulmagy milli Liderimiziň köňül sahawatynyň, ruhy sagadatynyň miweleridir. Şonuň bilen bir hatarda hem ol halkymyzyň milli ýol-ýörelgesine, däp-dessurlaryna, ruhy dünýäsine uly hormat-sarpa, belent buýsanç bilen berk baglanyşyklydyr.
Metjidiň dört minarasynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Metjidiň 7 girelgesi bar. Şu maglumatlarda halkymyzda iň mukaddes hasaplanýan sanlaryň özara utgaşandygyna hem göz ýetirýäris.
Islendik işe, şol sanda binalaryň gurluşygyna toplumlaýyn, töwerekleýin çemeleşilmegi biziň döwrümiziň esasy aýratynlyklarynyň biri. Ynha, Lebap welaýatynyň baş metjidiniň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýynyň, 50 orunlyk myhmanhananyňdyr 390 awtoulaga niýetlenen awtoduralganyň gurlandygy hem bu aýdylanlara güwä.
Hajy Arkadagymyz yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne sowgat iberilen ylahy gymmatlygy — keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi täze metjide gowşurdy. Metjitde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Metjide ýygnanan märeke bu mukaddeslikleri alna sylyp, togap etdi. Bu pursatlarda ýatlamalar meni 2016-njy ýylyň baharyna alyp gitdi…
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda mukaddes Käbä zyýarat edipdi. Bu sapara gözli şaýat bolmagyň buýsanjy, hoşallygy ömrüň uly serpaýy hökmünde ýüregimiziň törüne hemişelik ornady.
Şu ýerde möhüm hem-de uly mana eýe bolan pursady, ýagny 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilen gije Onuň Alyhezreti, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň aýratyn tabşyrygy boýunça musulman dünýäsiniň esasy mukaddesliginiň içinde namaz okamak üçin türkmen Liderine Allanyň öýüniň gapylarynyň açylandygyny ýatlamalydyrys. Munuň Muhammet pygamberiň arşa çykan senesi bilen gabat gelmegi ylahy sazlaşygy döretdi.
Mukaddes Käbäniň içine girilmegi örän seýrek duş gelýän ýagdaý. Munuň özi türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek boldy. Bu bolsa dostlukly ýurtda türkmen Lideriniň abraý-mertebesiniň, hormat-sarpasynyň belent tutulýandygyny ýene-de bir gezek has aýdyň görkezdi.
Käbäniň içki diwarlaryny we Toba gapysyny tämizlemek örän belent hormat we uly mertebe hasaplanylýar. Döwlet Baştutanymyza hem şeýle uly hormat bildirildi.
Haj zyýaratyndan gelenden soň beren sadakasynda, soňra Gurbanlyk sadakasynda hormatly Prezidentimiz ýürekden çykyp, göni ýürege ýetýän şeýle jümläni dile getiripdi: “Türkmen halky gursagy Allaly halkdyr”.
Bu sözler gadymy halkymyzyň kanagatlylyk, ynsanperwerlik, päklik-päkizelik, sahawatlylyk, dost-doganlyk, oňşuklylyk… ýaly asyrlaryň dowamynda kämilleşe-kämilleşe, sungat derejesine ýeten, milletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini kesgitlän asylly häsiýetleriniň bir jümlede beýan edilmegidir. Hakykatdan-da, türkmeniň uç-gyraksyz ruhy dünýäsi şu jümlede, gör, nähili aýdyň, nähili oraşan açylýar!
Hajy Arkadagymyz Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyşy mynasybetli, bu ýerde özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan ajaýyp eserlerinden düşen galam hakynyň hasabyna sadaka berdi. Milli
Liderimiziň ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip sözlän çuň manyly sözüni aňyňda aýlap oturyşyňa, bir hakykat barada oýlanýarsyň: halkymyzyň iň gowy häsiýetleri, isleg-arzuwy, däp-dessury döwletiň içeri-daşary syýasatlarynda ýüze çykýar. Ol häsiýetler parahatçylygy saklamakdyr, özara bähbitli hyzmatdaşlykdyr, birek-birege hormat-sarpa goýmakdyr, goltgy bermekdir, agzybirlikdir, her bir işde adam mertebesini ýokarda tutmakdyr. Şularyň hemmesi döwletimiziň içinde we daşynda amal edýän işlerinde beýanyny tapýar.
Demokratik, hukuk döwleti bolan Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlyk saklaýar, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barýar. Şu ýörelgeleriň, oňyn bitaraplyk syýasatynyň düýp binýadynda hem biziň milli ruhy gymmatlyklarymyz durandyr. Ata-babalarymyzyň şeýle gadymy hem kämil ýörelgelerine esaslanýandygy üçin türkmen döwletiniň parahatçylyk ýoly dünýäde gyzgyn goldaw tapýar. Bitarap Türkmenistanyň halkara at-abraýy barha belende galýar.
Taryhy waka gatnaşan aksakgal ýaşulularyň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. “Jeýhuny ýakalap oturan bereketli Lebap topragyndan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm menzilleri geçipdir. Gadymy ýol, göýä hakyda sapagy deýin, köşgi-binalary, kerwensaraýlary, şol sanda zyýaratgähleri dür monjugy deý özüne düzüpdir. Biz şöhratly taryhyň gaýtadan dikeldilişine şaýat bolýarys. Ynha, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşulularyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy-da muňa güwä. Munuň özi agzybirlikden, döwletlilikden nyşan. Ýene bir zady ýaşuly hoşallygy bilen nygtasym gelýär. Hut şu günlerde, hormatly Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde täze metjitden gaty bir uzak bolmadyk ýerde welaýat ýolagçy awtomenziliniň gurluşygyna hem girişildi. Şeýle döwletli işleri üçin aýdylýan alkyşlar hormatly Prezidentimiziň ömrüne ömür, ak ýoluna rowaçlyk bersin! Täze metjit gutly bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň il-ulsuny bir suprada jemläp, beren sadakasy Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Dänew etrabyndan gelen, Hormatly il ýaşulusy Ahmet aga Abdyrahmanow ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
Hawa, milli Liderimiziň ýoly halkyň ýoludyr. Halkyň ýoly bolsa Hakyň ýoludyr.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wezipä Bellemek Hakynda Birnäçe Resminama Gol Çekdi