22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Ýarym finalçylar belli boldy.

Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň toparlardaky jemleýji duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň komandalarynyň üçüsiniň hem—”Şir”, “Oguzhan” we “Galkan” komandalary ýarym finalda özleriniň orunlaryny möhletinden öň üpjün edendiklerini ýatlatmak isleýäris. Jemleýji duşuşyklarda ýaryşyň baş baýragy ugrunda göreşini dowam etjek dördünji komanda kesgitlenildi. 

Ol Almetýewsk (Russiýa) şäherinden “Neftýanik” komandasy boldy. Topardaky jemleýji duşuşykda Russiýanyň komandasy Gazagystanyň “Kazahmys” komandasyndan 21:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, “A” toparynda ikinji orny eýeledi we indi final tapgyrdaky oýunlarda türkmen hokkeýçileri bilen duşuşmaga taýýarlanýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçen ýylky ýaryşda Almetýewskiniň hokkeýçileri bürünç medal gazandylar. Häzir bolsa olar öz öňlerinde iň bolmanda finala çykmak maksadyny goýdular. 

“B” toparynda ýarym finalçylaryň ykbalynyň öňünden kesgitlenendigine garamazdan, şu günki duşuşyklar örän çekeleşikli we gyzykly boldy. Esasan-da, “Grodno” (Belarus) bilen “Atlant” (Russiýa) komandalarynyň arasynda geçirilen duşuşyk dartgynly boldy. Oýnuň esasy wagtynyň 4:4 hasabynda tamamlanmagy olaryň güýçleriniň deň derejededigine şaýatlyk etdi. 

Şeýle ýagdaýda ýaryşyň düzgünine laýyklykda bullit (oýunçynyň päsgelçiliksiz şertde garşydaş derwezeçiniň toruna top geçirmäge döredilýän mümkinçilik) bellenilýär. Şunda “Grodnodan” bolan hokkeýçiler urgulary has dürs geçirdiler. 

Şu gün türkmen komandalarynyň ýene ikisi—2013-2014-nji ýyllar möwsüminde hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň ýeňijisi “Galkan” we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky halkara ýaryşynyň kümüş baýragynyň eýesi “Oguzhan” komandalary duşuşdylar. Bu komandalar eýýäm ýarym finala çykdylar: olaryň duşuşygy “B” toparynda haýsy komandanyň birinji, haýsynyň ikinji orun eýelejekdigini kesgitlemelidi. “Oguzhanyň” hokkeýçileri garşydaşynyň derwezesine bäş top geçirip we özleriniňkä ikisini geçirdip, ýeňiş gazandylar. 

“Oguzhan” ýarym finalda 16-njy fewralda Russiýanyň “Neftýanik” komandasy bilen duşuşar. Ikinji ýarym final duşuşykda “Galkan” we ” Şir” komandalary güýç synanyşarlar. Topardaky duşuşyklaryň barşynda laýyk 120 topuň derwezelere geçirilendigini hem bellemek isleýäris. Munuň özi ýaryşyň örän ýokary görkezijisidir.

Degişli makalalar

Altyn asyr futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony.

syrach

Biziň ildeşlerimiz halkara ýaryşynyň kümüş medallara mynasyp boldular.

syrach

Ahal Futzal Boýunça Türkmenistanyň Çempiony