21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen gazynyň ekologiýa taýdan ýokary derejesi tassyklandy.

Häzirki jemgyýetiň we her birimiziň durmuşyny ýangyçsyz göz öňüne getirer ýaly däl. Ýangyç gündelik durmuşymyzyň esasyny düzýär. Ýöne onuň şeýle ýokary derejede sarp edilmegi dünýäniň känlerinde bar bolan çäkli möçberdäki nebit gorlarynyň tamamlanmagyna getirer. Şunuň bilen baglylykda, häzikri döwürde ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan tebigy gazyň zerurlygy barha ýokarlanýar. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýakyn on ýyllyklarda ýangyç ulgamynda tebigy gazyň paýynyň durnukly ösmegi netijesinde dünýäniň köp ýurtlarynda onuň ulanylyşy yzygiderli ýokarlanýar. Şu nukdaýnazardan adamzat gaz eýýamynyň öňüsyrasynda dur. Dünýäniň dürli sebitleriniň gaz bilen üpjünçiligi köp halklaryň abadançylygyna, ählumumy durnukly ösüşine baglydyr. 

Nebitgaz edaralarynyň enjamlaşdyrylmagy, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň artdyrylmagy, onuň serişde binýadyny, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän maksadalaýyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň baýlyk känlerinde ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň üstünlikli özleşdirilmegin ýardam berýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda durmuş ulgamyny ugur edinýän bazar ykdysadyýeti durmuşa geçirilýär. Onda hormatyl Prezidentimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanlylaryň gazdan mugt peýdalanmak ýaly ägirt uly durmuş ýeňillikleri bilen üpjjün edilmegi we munuň dünýäniň hiç bir döwletinde ýokdugy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şol bir wagtyň özünde gaz gündelik durmuşda peýdalanylýar. Biz gazylyp alynýan ýangyç üçin onuň öz sarp edijisine ýetýänçä näçe wagtyň, güýjüň we serişdäniň gönükdirilýändigi barada pikir hem etmeýäris. Munuň özi geologiýa, gözleg, guýulary burawlamak işerinde,gaz geçirijileriň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygynda işleýän köp müňlerçe adamlaryň zähmetiniň netijesirdir. 

Tebigy gaz ekologiýanyň hapalanmagyny peseldýän we onda kadaly ýagdaýyň saklanmagyny şertlendirýän möhüm energiýa çeşmesidir. 

Tebigy gazyň 98 göterimi metan bolup, ol “mawy ýangyjyň” aýratynlygyny we häsiýetini dolulygyna diýen ýaly kesgitleýär. Şeýle hem onuň düzüminde metanyň propan, etan we butan ýaly elementleri bar. Kähalatlarda bolsa tebigy gazyň düzüminde kükürt wodorody, geliý we kömürturşy gazy bolup biler. 

Energiýanyň beýleki çeşmeleri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň birnäçe artykmaçlyklary bardyr: ýananda diňe kömürturşy gazyny we suw buguny çykarýar; ýanan wagty tüsse çykarmaýar; çalt ýanýar we ýanyşyna aňsat gözegçilik edip bolýar; düzüminde gaty jisimler we beýleki zyýanly goşundylar ýokdur. Gaz diňe energetiki aýratynlygy boýunça nebitden pesde durýar. Emma nebitden tapawutylykda, gaz gaýtadan işlemek üçin köp harajat talap etmeýär. 

Emma tebigy gazy ulanyljak ýerlerine – elektrik beketlerine, himiýa kärhanalaryna, ýyladyş ulgamlaryna jemagat-durmuş zerurýeti üçin ugradylmazdan ozal mehaniki galyndylary, zyýanly serişdeleri, agyr uglewodorod gazlaryny we suw buglaryny aýyrmak maksady bilen gaýtadan işlenilýär we jemagat-hojalyk zerurlyklary üçin ulanylýar. 

Şeýle hem “Galkynyş” gaz känindäki gazyň düzüminde simabyň bardygyny anyklamak üçin, dürli çeşmelerden dürli wagtlarda 5 synag gaz alyndy. Garaşsyz bilermenleriň geçiren baglaglarynyň netijesinde, bir kub metrdäki gazda simabyň düzümi 0,3 mikrograma barabar boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda umumy kabul edilen ülňülere laýyklykda, 1 kub metr gazdaky simabyň derejesi 30 mikrogramdan köp bolmady däl. 1 kub metr howanyň düzümindäki simabyň aňryçäk kabul edilen möçberi 0,3 mikrograma barabar bolanynda, onuň adamyň saglygyna zyýany bolmaýar we daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyna täsir etmeýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bu ugra ilkinji derejeli ähmiýet berilýär, esasan-da, nebitgaz ýataklary işlenip taýýarlanylanda üns merkezinde durýar. Şeýlelikde, tebigy gazyň düzümine geçirilen barlag türkmen tebigy gazynyň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Arassalanan tebigy gazyň reňki we ysy bolmaýar. Gazyň syzýan ýerlerini kesgitlemek mümkinçiliklerini üçin oňa ýiti ysy bolan az-owlak serişde goşulýar. 

Ählumumy energetika howpsuzlygynyň ýokarlanmagyny nazarlaýan ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan uglewodorodlaryň serişde binýadyny yzygiderli giňeldýär we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem energiýa serişdelerine islegi doly üpjün etmegi nazara almak bilen, milli gaz geçiriji ulgamy kämilleşdirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan “mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň we eksportynyň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde açylan gaz känlerini abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek boýunça möhüm wezipeleri goýdy. 

Häzirki döwürde dünýäniň köpsanly belli nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary serişde binýady pugtalandyrmak, pudagyň gaz çykaryjy esasy känlerini tapgyrlaýyn abatlamak, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalara we täze tehnologiýalara daýanýan täze häzirki zaman senagat toplumlaryny gurmak boýunça ägirt uly işleri ýaýbaňlandyrdylar. 

Dünýä bazarlarynda tebigy gaza bolan ýokary isleg, şeýle hem uglewodorod gorlaryny özlegirilmegiň häzirki zaman netijeli tehnologiýalary “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenlerine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmak we ulanmaga bermek boýunça taslamany taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge girişmäge mümkinçilik berdi. 

“Türkmengaz” döwlet koserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary bilen bilelikde “Galkynyş” gaz känini tejribe-senagat taýdan döwrebaplaşdyrmagyň ilkinji tapgyrynyň çäklerinde, bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy. Umumy alanyňda, bu işler üçin ABŞ-nyň 10 milliard dollary töweregi maýa goýum gönükdirildi. 

Hususan-da, taslamanyň çäklerinde 22 guýy burawlandy. Olaryň her biriniň gije-gündizdäki önümçiligi 1,5-2 million kub metr “mawy ýangyja” barabardyr. Uglewodorod serişdelerini ilkinji taýýarlaýyş gurnamalarynyň 2-si we gazy senagat taýdan gaýtadan işleýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen desgalary özünde jemleýän baş bina guruldy. Munuň özi 6 tehnologik ulgamdan ybaratdyr. Olaryň her biri ýylda 1,7 milliard kub metr gazy arassalamaga we guratmaga niýetlenen kuwwatlykdyr. Şeýle hem uglewodorod kondensatyny durnuklaşdyrýan iki sany gurnama oturdyldy. Olaryň her biri ýylda 80 müň 520 tonna önümi öndürilmegini üpjün eder. Mundan başga-da, toplumyň düzümine kükürdi granulirleýän we gaplaýan gurnama girýär. Onuň taslama kuwwaty her ýylda 800 müň tonna önüme barabardyr. 

Umumy kuwwaty 75 megawatt bolan dört esasy we bir goşmaça toplumy bolan gaz turbinaly elektrik beketleriniň inženerçilik-aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Gurlan desgalaryň hatarynda suw, gaz we energiýa üpjünçilik ulgamlary, eltiji ýollar we beýleki düzümleýin desgalar bar. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň harytlyk gaza bolan isleglerini üpjün etmek üçin umumy uzynlygy 108 kilometre barabar bolan magistral gaz geçirijisi çekildi. 

Ýurdumyzyň gaz geçiriji ulgamynyň ösüşi barada aýdanyňda, Türkmenistanda iri gaz geçiriji bolan “Gündogar-Günbatar” ulgamyň gurluşygy hakynda aýratyn bellemeli. Bu gaz geçirijini gurmak işini döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernlerine öz serişdeleriniň hasabyna berjaý etmegi tabşyrdy. Tutuş ýurdumyzyň diýen ýaly çäginden geçýän bu ägirt uly turba geçirijiniň ulanmaga berilmegi diňe bir “mawy ýangyja” bolan içerki islegleri däl, eýsem, halkara turba geçirijilerini, olaryň ozal hereket edýänlerini we täze ugurlaryny bökdençsiz üpjün etmek üçin goşmaça kepilidir. Şeýlelikde, tarp ýerleriň özleşdirilmegi netijesinde kemala gelýän täze döwrebap obalary gazlaşdyrmak mümkinçiliginiň döreýändigini hem bellemeli. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyny diňe bir milli bähbitler üçin däl, eýsem, dünýäniň halklarynyň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine ulanmaga meýillidigini yzygiderli belleýär. Milli Lidermiziň düýpli oýlanyşykly we energetika serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmaga dünýä bazarlaryna eltmegiň köptaraply ugurlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ennerogtka strategiýasy şu maksada gönükdirilendir. 

Şeýlelikde, Türkmenistan iri uglewodorod serişdelerine eýe ýurtlaryň biri bolmak bilen, ekologiýa taýdan has arassa tebigy gazy ygtybarly ugradýan ýurt hökmünde däl, eýsem, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy merkezine öwrülmek babatda dünýä giňişligindäki öz ornuny ynamly pugtalandyrýar.

Degişli makalalar

Türkmenistan Dünýä Bazarlarynda Önümleriniň Bäsdeşlige Ukyplylygyny Ýokarlandyrýar

turkmenhabargullugy

Türkmen Gämi Gurluşykçylary Hyzmatdaşlyk Gatnaşyklaryny Ösdürýärler

Bütin dünýä bankynyñ başlyklygyna Jim Ýong Kim saýlandy.

syrach