15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Ýaş türkmen futbolçylarynyň üstünligi.

Türkmen futbolçylary Sankt-Peterburgda /Russiýa Federasiýasy/ şu gün tamamlanan “Arkalaşygyň kubogy” atly XXIII halkara ýaryşynyň iň oňat dört toparynyň hataryna girdiler. 

“Arkalaşygyň Kubogy” ugrundaky ýaryşa ýaşlar toparlarynyň 12-si /1994-nji ýylda doglanlardan uly bolmadyk oýunçylar/ gatnaşdy. Ýaryşa däp boýunça gatnaşýanlaryň /Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Estoniýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň/ hataryna ilkinji gezek Finlýandiýanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlary goşuldylar. Hut goşulan şu iki topar hem Kubok ugrundaky ongünlük ýaryşy tamamlady. Jemleýji duşuşykda Günorta afrikaly futbolçylar 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. 

Birinji tapgyrda ýaryşa gatnaşyjylar 3 topara bölündi. Türkmenistanyň ýygyndysy Belarusyň, Finlýandiýanyň we Estoniýanyň toparlary bilen birlikde “A” toparyna düşdi. Soňky wakalaryň görkezişi ýaly, bu topar ýaryşda iň güýçlileriň biri boldy. Topardaky biziň garşydaşlarymyzyň ählisi UEFA-nyň – 50-den gowrak ýurtlaryň federasiýalaryny birleşdirýän Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigine girýär. 



16-njy ýanwarda geçirilen ilkinji oýunda Belarusyň /geçen ýylky ýaryşyň bürünç baýragynyň eýeleri/ örän sazlaşykly toparyndan 0:1 hasabynda ýeňilmegi biziň futbolçylarymyz üçin oňat sapak boldy. Olar mundan dogry netije çykardylar. 

Türkmenistanyň ýygyndysy oýnuň birinji ýarymynda Belarusyň futbolçylarynyň güýçli hüjümlerine agzybirlikli garşy durdular, amatly pursatlarda bolsa okgunly garşylyklaýyn hüjümleri guramak bilen, garşydaşyň depginlerini peseltdiler. 

Arakesmede Belarusyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Igor Kowalewiç öz türgenleriniň hereketlerine düzediş girizýär we futbolçylarynyň käbirini şowly çalşyrýar, olaryň biri derwezä pökgi geçirdi, beýlekisi bolsa Belarusyň toparynda duşuşygyň iň oňat oýunçysy diýip yglan edildi. Geçirilen pökgüden soň artykmaçlyga eýe bolup, Belarus toparynyň tälimçiler düzümi Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezesine tarap hüjümleri güýçlendirmäge synanyşmak bilen has oňaýly düzümi tapmak ugrunda birnäçe oýunçylary çalyşýar. Ýöne biziň futbolçylarymyz köp babatda toparymyzyň kapitany Mekan Saparowyň oýna başarnykly ýolbaşçylyk etmegi netijesinde fiziki taýdan oňat taýýarlykly belaruslaryň hüjümlerini usullylyk bilen yzyna serpikdirdiler. Toparymyzyň kapitany şu duşuşykda türkmen tarapyndan iň oňat oýunçy diýlip yglan edildi. 

Ýeňlişe garamazdan, biziň watandaşlarymyz ruhdan düşmediler. Finlýandiýanyň ýygyndysy bilen geçirilen ikinji duşuşyga has aýgytly çemeleşdiler we eýýäm oýnuň 7-nji minudynda garşydaşyň derwezesine pökgi geçirdiler. Emma Türkmenistanyň ýygyndysyna bu gezek oýnunyň häsiýeti boýunça üýtgeşik, ýagny Finlýandiýanyň gollandlaryň oýun usulyny oňat özleşdiren depginli we tilsimli futbolçylary garşy durdular. Şoňa görä-de, türukmen futbolçylary Finlýandiýanyň ýygyndysynyň hereketlerine olaryň özleri ýaly jogap bermäge wagtal-wagtal zordan ýetişmegi başardylar. Şeýle-de bolsa, oýnuň birinji ýarymy biziň haýrymyza tamamlandy. 

Eger-de, arakesmede Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi toparyň düzümini hem-de oýny alyp barmagyň esasy usulyny saklan bolsa, onuň fin kärdeşi çalşygyň üçüsini geçirip, öz türgenleriniň hüjüm edýän mümkinçiligini güýçlendirdi. Bu hereketleriň dogrudygyny duşuşygyň ikinji ýarymy başlananyndan 5 minut geçenden soň, türkmen ýygyndysynyň derwezesine geçirilen pökgi tassyklady. Finler maksadalaýyk hüjüm etdiler, emma biziň goragçylarymyzyň hereketleri olara derwezä pökgi geçirmäge ýagdaýlary guramaga mümkinçilik bermediler. 



Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygy duşuşygyň barşynda oýunçylaryň birnäçesini çalşyrýar, şundan indi oýunda köp garaşdyran üýtgeşmeler bolaýmaly ýaly welin, emma biziň oýunçymyzyň oýundan çykarylmagy goranyşda asgynlylyk döretdi. Azlykda bolmak bilen, uly güýçleriňi hüjüme geçirip, ýeňiş üçin oýnamak amatsyz boljakdy. Munuň üstesine-de biziň derwezebanymyz, şeýle hem goragçylaryň biri duşuşygyň barşynda şikes aldylar, emma olar agyra döz gelip, özlerine çalşygyň ýokdugyna düşünip, meýdançada galdylar. 

Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň ýygyndysynyň wezipesi deňme-deň netijäni saklamaga çenli azaldy. Duşuşygyň ahyrynda finleriň ýygyndysynyň tälimçisiniň meýdança estonlar bilen geçirilen öň ýanyndaky duşuşykda örän oňat tapawutlanyp oýnan Hattakuny çykarandygyna garamazdan, wezipe ýerine ýetirildi. Şonda ýagny finler ýaş zehinli futbolçynyň hereketleri netijesinde hasaby deňlemegi, soňra bolsa estonlaryň ýygyndysyndan ýeňiş gazanmagy başardylar. 

Şeýlelikde, indiki – topardaky ýaryşda üçünji oýun Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylarynyň öňdäki ykbalyny çözmelidi: olar Kubok ugrunda bäsleşigi dowam ederlermi? 

Ozal aýdylyşy ýaly, esasy oýunçylaryň birnäçesiniň şikes almagy, biriniň bolsa çykarylandygy üçin boljak duşuşygy geçirmelidigi sebäpli kynçylyklar döredi. Kynçylykly meseleler biziň nobatdaky garşydaşymyz bolan Estoniýanyň ýygyndysynyň däp boýunça güýçli topardygy bilen hem çuňlaşýardy. Bu ýygynda dünýäniň iň oňat oýunçylarynyň 12-siniň sanawyna hem-de milli ýygyndynyň düzüminde geçirilen duşuşyklaryň sany boýunça Ýewropada üçlüge girýän öňki meşhur futbolist Martin Reým tälim berýär. 

Şeýle-de bolsa, biziň futbolçylarymyzyň öňde boljak duşuşyga özlerini taýynlaýyşy ozalkylardan has aýgytly boldy. Türkmen ýygyndysynyň oýnunyň depgini finleriň ýygyndysynyň belaruslardan garaşylmadyk ýeňlişi baradaky habar hem peseltmedi. Munuň özi biziň toparymyz üçin çärýek finala çykmagy ýeňilleşdirdi. Çünki ýaryşyň sanawynda emele gelen ýagdaý Türkmenistanyň ýygyndysyna estonlar bilen duşuşykda deňme-deň netijä eýe bolnan halatynda hem ýaryşyň ikinji tapgyryna çykmaga mümkinçilik berýärdi. Türkmen ýygyndysy azda-kände erkin oýnady, sebäbi, birinjiden, ýaryşyň barşynda olar güýçli hem-de oýnunyň görnüşi boýunça dürli garşydaşlary bolan duşuşyklardan tejribe toplap ýetişdiler. Ikinjiden bolsa, çärýek finala çykmak üçin hökmany suratda ýeňiş zerur diýen mesele olaryň öňünde durmaýardy. 



Biziň watandaşlarymyz dessine ýagdaýy ele aldylar we 34-nji minutda hasaby açdylar. Emma, haçan-da, duşuşygyň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna örän az sekuntlar galanda, estonlylara jogap pökgini geçirmek başartdy. Ikinji ýaryma biziň we estonlaryň topary şol düzümde çykdylar. Eger şu ýagdaýda duşuşygyň ikinji ýarymynyň eýýäm 7-nji minutynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňe çykmagy sebäpli, biziň tälimçimiziň hereketleri öz oňyn netijesini beren bolsa, eston futbolçylarynyň tälimçisi aljyraňlylyk bilen oýunçylaryny çalşyryp, ýeňiş gazanyp biljek oýunçylarynyň sazlaşygyny tapmaga synanyşdy. Ähli zat biziň watandaşlarymyzyň üçünji pökgini geçirmegi we 3:1 hasabynyň eminiň jemleýji jürlewigi çalynýança saklanmagy bilen tamamlandy. Esasy iki pökgini derwezä geçiren Selim Nurmyradow duşuşygyň iň oňat oýunçysy diýlip, yglan edildi. 

Bu ýeňiş Türkmenistanyň ýygyndysyna ýaryşyň ikinji tapgyryna ýol açdy. Şonda biziň toparymyz täjik ýygyndysy bilen duşuşdy. Olaryň öz toparynda iki ýeňşi bardy. Täjigistanyň örän ykjam toparynyň tizlikli oýunçylary hünärmenlerde oňat täsir galdyrdylar. Türkmen futbolçylary olara, garşydaşlaryň özleriniň belleýişleri ýaly, diňe bir netijeli däl, eýsem, owadan oýunlar bilen garşylyk görkezdiler. Ol Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýaryşda iň oňat duşuşygy boldy. Göreş meýdançanyň ähli ýeri boýunça we duşuşygyň iň soňky minudyna çenli dowam etdi. Biziň futbolçylarymyz pökgüleriň ikisini hem garşydaşynyň derwezesine birinji we ikinji ýarymyň ahyrynda geçirdiler. Hasap 2:0 we ýarym finala ýol açyk! Munuň özi soňky ýyllarda şeýle ýaryşdaky gowşak çykyşlaryny nazara alanyňda, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň az üstünligi däldir. Soňky wakalar az begendirse-de, ýagny, ýarym finalda finlerden hem-de üçünji orun üçin duşuşykda belaruslardan ýeňliş –halkara ýaryşynda dördünji orun erbet netije däl. 

Ýaşlar ýygyndymyzyň “Arkalaşygyň Kubogy” ugrundaky XXIII halkara ýaryşyna gatnaşmagy ýurdumyzyň futbolyna nähili sapaklary berdi? Esasy netije: mälim bolşy ýaly, sportuň Olimpiýa görnüşi bolup durýan futbol boýunça milli ýygyndymyzda ýaşlar toparynyň esasynda oňat ätiýaçlyk bar. Olar Sankt-Peterburgda öz mümkinçiliklerini görkezdiler. 

Şunuň bilen birlikde, tälimçiler düzüminde-de, oýunçylaryň özlerine-de düýpli işlenilmeli meseleler bar. Ilkinji nobatda, garşydaşyň oýnunyň häsiýetine baglylykda oýnuň tärini üýtgedip, duşuşygyň barşynda täzeden düzülmegi öwrenmegi türgenleşmeli. Soňky duşuşyklaryň görkezişi ýaly, ýaş futbolçylaryň atletika taýýarlygyna aýratyn üns bermeli. Soňky esasy duşuşyklarda fiziki taýdan ýadawlyk uly agramlary ahyryna çenli çekip çydamaga mümkinçilik bermedi. Şol wagt her gün diýen ýaly ähli güýjüňi sarp etmelidi. 

Tälimçiler beýleki toparlar babatda seljeriş işlerini güýçlendirmeli– ýaryşyň toparlaýyn tapgyryndaky oýunlar boýunça eýýäm tanyş bolan belaruslardan hem-de finlerden ýeňlişe sezewar bolunmagy geçirilen şol duşuşyklardan soň, oýunlaryň strategiýasyny we garşydaşlaryň asgyn ýerini aňyp, ele salyp boljak tärleri dogry kesgitlemek üçin olaryň güýçli we gowşak taraplarynyň oňat öwrenilmändigine şaýatlyk edýär. 

Şeýle hem ýaş futbolçylaryň ruhy taýýarlygyny, kyn ýagdaýlara öwrenişmek endigini hem-de uzak dowam eden ýaryşlaryň barşyna laýyk oýna özlerini taýynlamagyny güýçlendirmek gerek. 

Tälimçileriň esasy düzümi berkitmek hem-de oýun üçin esasy düzümiň futbolçylaryny hiç bir kynçylyksyz çalşyp biljek ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryny artdyrmak üçin saýlap-seçiş işine hem aýratyn üns bermekleri zerurdyr. Esasy bolsa, ýygynda dalaşgärler saýlananda oýunçylaryň iň oňatlaryna däl-de, işleri babatda oňat tanalýanlara aýratyn üns berlende şeýle bähbitlerden ýüz öwürmek gerek. Şu hem, umuman, sport üçin giň ýaýran kemçilik bolup durýar. Halkara derejesinde sporta uly üns berýän Türkmenistanyň wekili hökmünde milli ýygyndynyň bähbidi ähli zatdan ýokarda bolmalydyr! 

Görnüşi ýaly, işler az däl. Biziň ýaşlarymyzyň—milli ýygyndynyň ýakyn wagtdaky ätiýaçlygynyň, şeýle hem ýaş we geljekki mümkinçiligi uly bolan tälimçiniň irnikligini göz öňünde tutanyňda bu meseleleriň hemmesi doly çözülerliklidir. Sankt-Peterburgdaky halkara ýaryşyndaky dördünji orun bolsa ýaş türkmen futbolçylarynyň aňyrbaş çägi däldir!

Degişli makalalar

“Hany bakaly, gyzlar” adly bäsleşik geçirildi.

syrach

Woleýbol Boýunça Türkmenistanyň Talyplary Birinji Boldy

syrach

Üns Merkezinde Şaşka we Stol Üstünde Oýnalýan Tennisiň Ussatlary

syrach