23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Baku 2017 Tamamlandan Soňra Türgenler Aşgabat 2017-ä Taýýarlyk Görüp Başlaýarlar

Baku 2017 Tamamlandan Soňra Türgenler Aşgabat 2017-ä Taýýarlyk Görüp Başlaýarlar

Bakuwda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlary ajaýyp Ýapylyş dabarasy bilen tamamlandy. Bu baýramçylygyň şatlykly gurşawy 54 döwletden gelen türgenleriň gatnaşmagy bilen 12 günläp dowam eden ýaryşlaryň üstünligini alamatlandyrýar we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Bakuwdaky Oýunlaryň medal jetweliniň birinji on orny eýelän ýurtlaryň 5-si Aziýa ýurtlarydyr. Bu bolsa Bakuwda iki hepdäniň dowamynda özüni ilkinji gezek görkezen sportuň parlak ýyldyzlary,sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde yklym derejesinde geçiriljek sport bäsleşigine gatnaşjakdygyny aňladýar.

Söweş sungatynyň birnäçesi geçirilýänligi sebäpli Eýranyň türgenleri janköýerleriň ünsüni özlerine çekerler. Eýran Yslam Resbuplikasy Bakuwda geçirilen bäsleşigiň netijesinde Aziýa döwletleriň arasynda iň gowy netije görkezen ýurtdyr. Aýratynlykda uşu boýunça ýaryşa gatnaşan eýranly türgenleri bellemek gerek: olar sportuň bu görnüşi boýunça diňe erkekleriň arasynda 48 kg agram derejesinde orun almadylar. Uşu Aşgabat 2017-niň meýilnamasyna girizilmese-de, eýranly türgenleriň sport göreşi we beýleki sportuň göreş görnüşlerinde ussatlygy bilen mynasyp bäsdeşligi görkezerler.

Eger Yslam raýdaşlyk oýunlarynda görkezilen üstünlikli çykyşlar şowlulygyň alamaty bolýan bolsa, edil şular ýaly, Bahreýn hem öňümizdäki sentýabr aýynda ýapyk binada geçirilýän ýeňil atletikada öz ussat türgenlerini gatnaşdyrar. Bu ýurduň ýygyndy topary ýeňil atletika boýunça altyn medallaryň 11-si bilen sylaglandy we sentýabrda güýçli bäsdeşler hökmünde çykyş ederler.

Türkmenistanly janköýerleriň bar ünsi bolsa ildeş türgenlerinde jemlener. Türkmenistanyň ýygyndy topary 2 altyn, 4 kümüş we ýedi bürünç medalyň eýeleri bolup, umumy toparlaýyn hasapda 15-nji ýeri eýeledi. Öz Watanynda geçirilýändigi üçin Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşikde türgenlerden gowy netijeleri görkezjekdiklerine garaşylýar.

Bakuwda agyr atletikada atlyn medala mynasyp bolan Polina Gurýewa we kümüş medala mynasyp bolan Gülnabat Kadyrowa öz Watany üçin medal gazanmagy maksat edindiler. Şeýle hem, 2016-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň tuguny göteren Merdan Ataýew suwda ýüzmekde iki kümüş medalyň eýesi we Baku oýunlarynda türkmen türgenleriniň arasynda iň üstünlikli çykyş eden türgen boldy.

Oýunlaryň başlamagyna 120 günden az wagt galdy! Janköýelere öz gowy görýän türgenleriniň daşynda jebisleşmäge wagt gelip ýetdi!

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk Geçirildi

«Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy» Diýen Žurnalyň Nobatdaky Sany

turkmenhabargullugy

Ilkinji Ýyldyz – Musa Bilen Tanşalyň!