15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabadyň Olimpiýa Şäherçesinde Relsli Ýol Gurulýar

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde bir relsli ýol gurulýar. Ol bu uly göwrümli sport toplumynyň desgalaryny birleşdirer. Bu ýerde – 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadiony, 6 müň orunlyk welotrek gurulýar. Şeýle hem 5 müň we 15 müň tomaşa niýetlenen sportuň başa-baş söweş we beýleki görnüşlerini geçirmek üçin arenanyň, 5 müň orunlyk ýeňil atletika arenasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Täze gurluşyklaryň hatarynda 5 müň orunluk suw toplumy we suw howzy, tennis kortlary, degişlilikde olar 4 we 2 müň tomaşaça niýetlenendir, köp ugurly sport meýdançalary we sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin meýdançalar, şeýle hem kiçi we uly türgenleşik zallary bardyr. 

Sport desgalarynyň ählisiniň gurluşygy üçin dürli gurluşyk hünärli işçileriň 14 müňden gowragy zähmet çekýär. Işler güýçli depginlerde alnyp barylýar, hat-dä käwagtlar gurluşygyň bellenen möhletinden öňe geçilip hem işlenilýär. Gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň arasynda bir desga meniň ünsümi has hem özüne çekdi. Onuň gurluşygyny “Polimeks” kompaniýasy alyp barýar. Bu üýtgeşik desganyň gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň iýun aýynda başlandy. Bu desga Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň soňky nobatdakysynyň üçünjisidir. Şäheriň bu täze ulag ýolunyň gurluşygynda iki müňden hem gowrak adam zähmet çekýär. 



Bu ýoluň beýikligi asman bilen ýeriň arasynda 6 metrden 20 metre çenlidir, ýoluň umumy uzynlygy 5 müň 138 metr. Eýýäm polat gurluşyň 1,5 kilometri çekildi. Özi hem, bir relsli ýol Atatürk köçesini iki sapar kesip geçer. Bu babatda her biriniň uzynlygy 100 metr bolan köprüleriň ikisiniň gurluşygy taslamada göz öňünde tutulandyr. Bir relsli ýoly “Polimeks” kompaniýasynyň önümçilik binýadynda taýýarlaýarlar. 

Şweýsariýanyň “Intamin” firmasy bu rels ýoly üçin düzümleri getirýän bolup çykyş edýär. Bangkok we Rio-de-Žaneýro, Gamburg we Moskwa, Seul we Şençžen –dünýäniň köp şäherlerinde bu kompaniýa tarapyndan döredilen bir relsli ýoldan gatnaýan otlular işleýär. Biziň şäherimiziň Olimpiýa şäherçesine üç otly hyzmat eder. Otlynyň düzüminiň uzynlygy 25 metr töweregi bolar. Otly 75 ýolagça niýetlenen dört moduldan ybarat bolar. Ähli ugurlar boýunça otly duralgasynyň sekizisi ýerleşer. 



Bu günki gün estakadadaky otlylar dynç alyş seýilgählerinde, haýwanat baglarynda, ere söwda merkezlerinde ulanylýar. Şeýle hem olar howa menzillerinde içerki ulag hökmünde (howa gawanlarynyň gurluşynyň desgalarynyň arasynda) ulanylýar. Aziýa sebitiniň ýurtlarynda ulagyň bu görnüşine gelejegi uly bolan ulag hökmünde garalýar. Täze toplumlar gurulýar. Olaryň köpüsi bolsa Ýaponiýada gurulýar. Şular ýaly ulaglar Ýaponiýanyň sekiz şäherinde ulanylýar. Iň iri bir relsli ýol Osakada hereket edýär. Onuň uzynlygy 23,8 kilometrdir. Ýapon bir relsli ýolunyň umumy uzynlygy 102 kilometrdir. 

Malaýziýada bir relsli ýol Kuala-Lumpurada (2003-nji ýyldan bäri, 8,6 km) hereket edýär. Çunsinada (Hytaý) onuň uzynlygy 13,5 kilometrdir. Şular ýoly polat ýollaryň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, aýratyn hem gür ilatly şäherlerde, olaryň ýerüsti ulaglaryna päsgelçilik bermeýänligindedir we ýolagçylar üçin amatlylylygyndadyr.

Degişli makalalar

Türkmen Hemrasy Älem Giňişliginde Bellenilen Nokada Baryp Ýetdi

syrach

Ýurduň Gündogaryndaky Darganata Etrabynda Täze AÝGB Işläp Başlady

turkmenhabargullugy

2018-nji Ýylyň 1-nji Ýanwaryndan Aýlyk Zähmet Haklarynyň,Pensiýalaryň we Döwlet Kömek Pullarynyň, Talyp Haklarynyň Möçberleri Ýokarlandyrylar