14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Astanada Bitaraplygyň 20 Ýyllygy we Türkmenistanyň Taryhy Saýlawy Atly Tegelek Stoly Geçirildi

2015-nji ýylyň 10-njy martynda Astanada L.I.Gumilew adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetinde «Bitaraplygyň 20 ýyllygy – Türkmenistanyň taryhy saýlawy» atly halkara tegelek stoly geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň “Nur Otan” partiýasynyň jemgyýetçilik geňeşi hem-de  L.I.Gumilew adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda geçirildi.

Tegelek stolyň işine L.I.Gumilew adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we talyplary, “Nur Otan” partiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň wekilleri we Gazagystanyň KHBS wekilleri gatnaşdylar.

L.I.Gumilew adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň rektory, taryh ylymlarynyň doktory, professor E.A.Sydykow we Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçisi M.A.Akmyradow giriş sözleri bilen çykyş etdiler. 

Öz çykyşlarynda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy ýüze çykmasy, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösüşi, türkmen halkynyň taryhy we däp-dessurlary barada gürrüň berdiler. Bitarap döwletiň ýokary derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne birnäçe borçlary we jogapkärçiligi alandygy, has takygy syýasy, harby bileleşiklere we bloklara goşulşmazlyk, köpçülikleýin gyryş ýaragyndan boýun gaçyrmak, ýurduň içinde asudalygyň üpjün edilmegi, şeýle hem dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklar we dürli halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy saýlap aldy diýip bellenilip geçildi.  

Çäräniň ahyrynda tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň we Gazagystan Respubliaksynyň Kollejler Assosiasiýasynyň hormat hatlary bilen sylaglandylar. 

Degişli makalalar

A Session of the Council of Elders Carried Out Its Work in Ashgabat, the Capital of Turkmenistan

syrach

Älem Aýlanýan Ak Guş

turkmenhabargullugy

Minskde Ylmy Maslahat Geçirildi

syrach