17.3 C
Aşkabat
18.02.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Aşgabadyň 30-njy Kiçi Etrapçadaky AÝGB-nyň Durky Täzelenilýär

Aşgabadyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy köçesindäki (30-njy etrapça) awtoulaglara ýangyç guýýan bekediň durky dolulygyna täzelener. Paýtagtyň AÝGB-ny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýän abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy amala aşyrýar.

Şu günler bekediň meýdanyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýangyç saklanylýan gaplar täze ýere geçiriler we ýangyç paýlaýan enjamlaryň sany artdyrylar.

Şäheriň iň baýry AÝGB-nyň biriniň durkunyň üýtgedilmegi we enjamlarynyň çalşylmagy awtoulaglara hyzmat etmegi awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berer hem-de desganyň ekologiýa taýdan howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistan Dünýäniň Ulag Ulgamyna Işjeň Goşulyşýar

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk