30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Däneçilik Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Däneçilik Hakynda

Şu Kanun Türkmenistanda däneli ekinleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça işiň hukuk esaslaryny belleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) däneçilik — däne, däneli we däne kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan ösümlikçiligiň pudagy;

2) däneli ekinler — adam iýmitiniň esasy önümi bolan dänäni, senagat pudaklary üçin çig maly we oba hojalyk mallary üçin ot-iýmleri berýän, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň örän möhüm topary;

3) däne — azyklyk, tohumlyk we tehniki maksatlar üçin peýdalanylýan däneli, kösükli we ýag alynýan ekinleriň dänesi;

4) däneçilik işi — däneli ekinleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça iş;

5) däne öndüriş — däne ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen agrotehniki çäreleriň toplumy;

6) azyklyk däne — azyklyk maksatlary üçin ulanylýan däne;

7) tohumlyk däne — ekiş maksatlary üçin ulanylýan, sort we ekiş hilleri boýunça bölünýän däne;

8) iýmlik däne — oba hojalyk mallaryny we guşlary iýmitlendirmek üçin niýetlenilen däne;

9) döwlet däne serişdeleri — azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we döwlet borçnamalaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem däne bazaryny goramak we düzgünleşdirmek maksady bilen döredilen, döwlet däne ätiýaçlyklary;

10) dänäniň hili — dänäniň döwlet standartlaryna, sanitariýa, weterinariýa, fitosanitariýa düzgünleriniň we kadalarynyň, gigiýena kada görkezijileriniň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklylygyny kesgitleýän olaryň sarp edijilik häsiýetleriniň jemi;

11) dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhana — eýeçilik hukugynda däne ammary (däne kabul ediş nokady, elewatory) bar bolan kärhana;

12) dänäni saklamak — däne ammarynda dänäni kabul edip almagy, agramyny çekmegi, guratmagy, arassalamagy, gözegçiligi, saklamagy we daşamagy öz içine alýan tehnologiki hyzmatlaryň (däne kabul ediş nokady, bassyrma, ammar jaýy, elewator) ulgamy.

2-nji madda. Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de däneçilik babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri

1. Döwletde däneçiligi we däne önümleriniň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek, däneçilik pudagyny kemala getirmek we ösdürmek, ýerli däne öndürijiler üçin amatly hukuk, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek arkaly döwletiň sarp edijileriniň daşarky däne bazaryna garaşlylygyny azaltmak şu Kanunyň maksatlarydyr.

2. Däne öndürmegiň umumy düzgünlerini bellemek, däne bazaryny düzgünleşdirmek we däne önümleriniň hilini üpjün etmek şu Kanunyň wezipeleridir.

4-nji madda. Däneçilik işiniň obýektleri we subýektleri

1. Däne önümlerini öndürmegiň ähli tapgyrlarynda şol ýa-da beýleki görnüşde gatnaşykda bolýan, olaryň öndürilişinden ahyrky sarp edilişini goşmak bilen däne önümleri, ýer, tehniki we tehnologik serişdeler, şeýle hem däneçilik işi amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan kömekçi tebigy we emeli materiallar däneçilik işiniň obýektleridir.

2. Däne önümlerini öndürmek we taýýarlamak, saklamak, daşamak, ýerlemek, import we eksport etmek bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar däneçilik işiniň subýektleridir.

II BAP. DÄNEÇILIK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYLYŞY

5-nji madda. Däneçilik babatda döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrýan edaralar

Däneçilik babatda döwlet dolandyrylyşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

6-njy madda. Däneçilik babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) däneçilik babatda döwlet syýasatynyň strategiýasynyň esasy ugurlaryny tassyklaýar we ony amala aşyrmagyň çärelerini kesgitleýär;

2) däneçilik babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

3) döwlet däne ätiýaçlyk goruny döredýär;

4) döwlet däne serişdeleriniň möçberini, düzümini, olary döretmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň düzgünlerini tassyklaýar;

5) däneçilik babatda Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

6) şu Kanuna we däneçilik babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

7-nji madda. Däneçilik babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) däneçilik babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde däneçilik babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) däneçilik babatda subýektleriň işini utgaşdyrýar;

4) däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) däneli ekinleri öndürmäge we gaýtadan işlemäge degişli bolan tehniki kadalary belleýär;

6) däneli ekinleriň hiline bolan talaplary kesgitleýän döwlet standartlaryny we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlaýar;

7) däne bazaryny öwrenýär we däneçilik babatda çaklamalary taýýarlaýar;

8) däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem däneli ekinleri goraýyş serişdeleriniň ulanylyşy boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilmeginiň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

9) tohumlyk dänäniň öndürilişine, saklanylyşyna, gaýtadan işlenilişine we däneli ekinleriň tohumlarynyň söwda dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrýar;

10) hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem däneçilik babatda olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy guraýar;

11) dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalaryň işiniň kada görkezijileriniň talaplaryna laýyklygyna, tassyk edilen tertipleriň (grafikleriň) esasynda täze däne hasylyny kabul etmäge we saklamaga taýýarlygyna her ýylky meýilnamalaýyn barlagyny geçirýär;

12) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça däneçilik babatda pudagara ylalaşyklaryny baglaşýar;

13) şu Kanuna we däneçilik babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

8-nji madda. Däneçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) däneçilik babatda ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin şertleri döredýär;

2) däneli ekinleriň hiline bolan talaplary kesgitleýän döwlet standartlaryny we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizýär;

3) tebigy-howa şertlerini hasaba almak bilen özleriniň garamagyndaky çäklerde däneli ekinleriň ekin meýdanlaryny kesgitleýärler hem-de däne öndürmegiň, saklamagyň we ýerlemegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirýärler;

4) şu Kanuna we däneçilik babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

9-njy madda. Däneli ekinleriň öndürilişi

1. Däneli ekinleriň öndürilişi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, saklamak hem-de däne kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalara daşamak, däneçilik babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň we tehnologik kadalaryň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

10-njy madda. Däne önümleriniň importy we eksporty

1. Däne we däne önümleri daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda import edilip bilner.

2. Däneli ekinleriň, şol sanda dürli toprak-howa şertlerinde, ylmy barlaglarda, seçgi işlerinde, şeýle hem sergilerde görkezilende (eksponirlenende) sortlaryň synagyny geçirmek üçin niýetlenilen olaryň tohumlarynyň hem importy, ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsady boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

3. Dänäniň we däne önümleriniň eksporty Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

III BAP. DÄNEÇILIGI DÖWLET TARAPYNDAN GOLDAMAK. DÖWLET DÄNE SERIŞDELERI

11-nji madda. Däneçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri

Däneçiligi döwlet tarapyndan goldamak şu görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) sortlaryň naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklaryna ýardam bermek;

2) önümçilik harajatlary boýunça döwlet ýeňilliklerini bermek;

3) ýeňillikli şertlerde karzlary bermek;

4) salgyt ýeňilliklerini bermek;

5) dänäni öndürmegiň we saklamagyň täze öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýardam bermek;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýeňillikleri bermek.

12-nji madda. Döwlet däne serişdeleri

1. Döwlet däne serişdeleri şulardan ybaratdyr:

1) azyklyk däneden;

2) iýmlik däneden;

3) tohumlyk däneden;

4) ýerlenilýän däne serişdelerinden;

5) döwlet ätiýaçlyklaryndan (döwlet strategik ätiýaçlyklary).

2. Döwlet däne serişdeleri däneli ekinleriň ýerli önümçiliginiň we importynyň hasabyna kemala getirilýär.

3. Döwlet däne serişdeleri Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýarlar.

4. Döwlet däne ätiýaçlyklaryny döretmegiň, saklamagyň, täzelemegiň, göçürmegiň we peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

IV BAP. DÄNÄNI KABUL EDÝÄN WE TAÝÝARLAÝAN KÄRHANALAR

13-nji madda. Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalaryň wezipesi

1. Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar umumy peýdalanylýan haryt ammarlary hökmünde ykrar edilýär.

2. Dänäni saklamak, dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar dänäni saklamak boýunça işi kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda amala aşyrýarlar.

14-nji madda. Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalaryň borçlary

Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar şulara borçludyrlar:

1) dänäni saklamagyň tertibini berjaý etmäge, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda dänäniň mukdar taýdan tükelligini we hil taýdan abatlygyny üpjün edýän çäreleri geçirmäge;

2) seljerme geçirmek üçin dänäniň nusgalyklaryny seçip almagy zerur bolan halatlarda üpjün etmäge.

V BAP. DÄNE ÖNÜMLERINIŇ HILI

15-nji madda. Däne önümleriniň hilini üpjün etmek

Däne önümleriniň hili şu usullar arkaly üpjün edilýär:

1) däne önümleriniň hiline bolan talaplary kadalaşdyrmak;

2) däne önümleriniň hiline baha bermegi geçirmek;

3) däne önümlerini sertifikatlaşdyrmak;

4) däneçilik pudagynda standartlaşdyrmak;

5) däne önümleriniň hiline döwlet gözegçiligini amala aşyrmak.

16-njy madda. Däne önümleriniň hiline bolan talaplary kadalaşdyrmak

1. Dänäniň hilini üpjün etmek babatda talaplary kadalaşdyrmak — bu dänäniň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň, taýýarlanylyşynyň, hil derejesine (kondisiýa) ýetirilişiniň, daşalyşynyň, saklanylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň we ýerlenilişiniň şertlerini düzgünleşdirýän döwlet standartlaryny hem-de talaplaryny kesgitlemekdir.

2. Däne önümleriniň hilini üpjün etmek babatdaky talaplary kadalaşdyrmagyň tertibini berjaý etmek däneçilik işiniň subýektleriniň ählisi üçin hökmanydyr.

17-nji madda. Däne önümleriniň hiline baha bermek

1. Türkmenistanda öndürilýän we Türkmenistanyň çägine getirilýän däne önümleriniň hili kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Däne önümleriniň hiline baha bermek degişli usul boýunça, bellige alnan we attestasiýadan geçirilen barlaghanalarda geçirilýär.

18-nji madda. Däne önümleriniň sertifikatlaşdyrylmagy

1. Hiline baha bermegiň görkezijileri bar bolan däne önümlerine, şeýle hem dänäni gaýtadan işläp öndürilen önümlere dänäniň laýyklyk sertifikatlary berilýär.

2. Däne önümleriniň sertifikatlaşdyrylmagy sertifikatlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

19-njy madda. Däneçilik babatda standartlaşdyrmak

1. Däneçilik babatda döwlet standartlary ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar.

2. Däneçilik babatda döwlet standartlaryny tassyklamak standartlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

20-nji madda. Däne önümleriniň hiline döwlet gözegçiligi

1. Däne önümleriniň hiline döwlet gözegçiliginiň maksady däne önümleriniň öndürilişini, taýýarlanylyşyny, saklanylyşyny, daşalyşyny, ýerlenilişini, importyny we eksportyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

2. Däne önümleriniň hiline döwlet gözegçiligi degişli döwlet edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

VI BAP. DÄNEÇILIK BABATDA HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK WE YLMY TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK

21-nji madda. Däneçilik babatda hünärmenleri taýýarlamak

Türkmenistanda däneçilik babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak boýunça edaralarda amala aşyrylýar.

22-nji madda. Däneçilik babatda ylmy üpjünçilik

Däneçilik babatda ylmy üpjünçilik, ylmy işi alyp barýan ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

23-nji madda. Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.

24-nji madda. Jedelleri çözmek

Däneçilik babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

25-nji madda. Däneçilik babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

Däneçilik babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

26-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 20-nji marty.

Degişli makalalar

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy

KÖÝTENDAG GORAGHANASYNYŃ TÄSİNLİKLÄRİ

syrach

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygy Bilen Gutlady