19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabat 2017-niň Başlanmagyna 100 Gün Galdy

Aşgabat 2017-niň Başlanmagyna 100 Gün Galdy

Aşgabat 2017-niň başlanmagyna 100 gün galanlygyna mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna 100 sany metbugat işgärleri gatnaşdy.

Türkmen paýtagtynda taryhy wakalaryň biri boljak Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galdy we eýýäm tutuş ýurdy şowhunlyk gurşap aldy.

Bu şanly senäni bellemek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde üç günüň dowamynda Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynda geçiriljek halkara media forumyny geçirýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galanlygy mynasybetli geçirilýän halkara media foruma dünýäniň dürli künjeklerinden gelen metbugat işgärleriniň 100-den gowragy gatnaşar. Olar Aşgabat 2017-ä ýokary derejede alnyp barylýan taýýarlyk işlerine, şeýle hem türkmen halkynyň myhmansöýerligine şaýat bolarlar.

Foruma gatnaşyjylar Oýunlaryň başlanmagyna 100 gün galanlygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäginde ilki bilen Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesine baryp görerler. Soňra bu çäreler myhmanlary Türkmenistanyň taryhy bilen tanyşdyrmak maksady bilen Türkmen milli haly muzeýine hem-de paýtagtyň gözel ýerlerini aýlanyp görmek bilen dowam eder.

Ertesi güni metbugat işgärleri Mary şäherinde ýerleşýän köpugurly stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galanlygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna tomaşa ederler. Bu dabaralaryň guramaçylary çäreleriň meýilnamasyny gizlin sakladylar, emma ähli adamlaryň haýran galjakdyklaryny söz berdiler.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi Azat Myradow halkara forumynyň açylyş dabarasynda ýolbaşçylyk eder.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Garajayew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşýan wekillere bolan gutlag sözüni beýan eder.

Türkmenistanda sport barada gysgaça wideo şekil görkezilenden soňra Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekow, Halkara sport metbugat birleşiginiň wise-prezidenti Esat Rahmi Ýilmar we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew gutlag sözlerini aýdarlar.

Forum Ýerine ýetiriji komitetiň hünärmeni Ýakup Sähetmyradowyň Türkmenistanyň Prezidentine bolan ýüzlenmesi bilen jemlener.

Tapgyr gutarandan soňra, wekiller geçmişden galan we uly taryhy hem-de medeni ähmiýete eýe bolan gadymy Merw şäherine syýahat ederler. Halkara forumyň ahyrky gününde žurnalistler Türkmenistanyň iň uly Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görerler.

Täze gurlan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Aziýanyň we Okeaniýanyň iň ussat türgenleriň gatnaşmagynda sportuň 21 görnüşi boýunça 12 günüň dowamynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 17-nji sentýabrda başlar.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach

Balkanabatda Täze Demir Ýol Menzili Guruldy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi