18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Migrasiýa Gullugy Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasynyň Elektron Şahadatnamalarynyň Gowşurylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Migrasiýa Gullugy Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasynyň Elektron Şahadatnamalarynyň Gowşurylyş Dabarasyna Gatnaşdy

„Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasyna Türkmenistanyň goşulmagy barada“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 15028-nji kararyna ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Kanada döwletiniň Monreal şäherinde geçirilen Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasynyň elektron şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar. Raýat Awiasiýasy boýunça halkara guramasynyň (ICAO) Açyk Açarlar Direktoriýasy halkara gatnawlarynda, raýatlaryň döwletleriň çäklerine girip çykanlarynda ulanýan pasportlarynyň we ýol resminamalarynyň hakykydygyny, şol resminamanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berlendigini tassyklamak hem-de migrasiýa gözegçilik postlarynda raýatlaryň giriş-çykyş hasaba alnyşyny gysga wagtda amala aşyrmak üçin ýardam berýän goşmaça ulgamdyr. 1993-nji ýylda Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy hakynda Konwensiýanyň agzasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine gitmek we Türkmenistana gelmek baradaky hukuklarynyň döwlet tarapyndan goragyny kepillendirmek, biometriki maglumatly pasportlaryň eýeleriniň halkara gatnawlary üçin açyk bolan gözegçilik-geçiriş postlaryndaky pasport barlagyndan geçişlerini ýönekeýleşdirmek, şeýle hem şol pasportlaryň hakykylygyna güwä geçmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasyna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly işleriň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy hökmünde bellenildi.

Çeşme: Тürkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

Fransuz Ylmy-Populýar Žurnaly-Türkmenistanda Geçirilýän Gazuw-Agtaryş Işleri Hakda

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Final: “Lebap”-“Mary”