37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT SYÝASAT

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Işewür Hyzmatdaşlarynyň Gerimi Giňelýär

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Işewür Hyzmatdaşlarynyň Gerimi Giňelýär

Barha golaýlap gelýän ägirt uly taryhy wakanyň – Aziada – 2017-niň resmi hyzmatdaşlarynyň sany gün-günden artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene-de bir resmi hemaýatkäri boldy.

Bu kompaniýa ýükleri daşamak hem-de dürli senagat pudaklary boýunça toplumlaýyn logistika ýaly hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýän tejribeli işewür hyzmatdaş hökmünde meşhurdyr.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde kompaniýa Ýerine ýetiriji komitet hem-de onuň hyzmatdaşlary bilen logistiki hyzmatlary meýilleşdirmekde we ilerletmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dahyllydygy bilen ruhlanan “Türkmen ak ýol” kompaniýasynyň hünärmenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda logistiki hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek üçin özleriniň kuwwatyndan we tejribesinden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olaryň pikirine görä, bu oýunlar “Iň uly halkara sport baýramçylygy bolar”.

Degişli makalalar

Türkmenistan Sebitiň Geljegi Üçin Täze Ýollary Çekýär

Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi

turkmenhabargullugy

Daşoguz Welaýatynda Bitaraplygyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Täze Halyçylyk Kärhanasy Kurulýar we Bagçylygy Ösdürmek Boýunça Telekeçilik Taslamasy Durmuşa Geçirilýär