18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Welaýatlary Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Meselesine Seredildi

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Welaýatlary Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Meselesine Seredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini zerur derejede alyp barmagyň, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň, milli senenamamyzyň şanly seneleri hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli çäreleri guramak baradaky meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, birnäçe desgalarda gurluşyklaryň barşy, “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem gyşky ýyladyş möwsümine, täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk görlüşi hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylygyny we arassalygyny üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan täze awtoduralgalary netijeli ulanmagy, bu ýerde adamlar üçin amatlyklary döretmegi hem nazara almak bilen, Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy talap edip, şunuň bilen baglylykda, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şular bilen bir hatarda, täze okuw ýylyna hem-de gyşky ýyladyş möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda amala aşyrylýan işlere ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşykda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Olar sebitlerdäki işleriň häzirki ýagdaýy hususan-da, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek hem-de pagta ýygym möwsüminiň guramaçylygyny üpjün etmek maksaldy bilen, görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipleriň çözlüşi barada hasabatlar berlip, sebitde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň alnyp barylýan gurluşygynyň barşy barada aýdyldy. Şeýle hem täze okuw ýylyna, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, geljekki hasylyň düýbüni tutýan ekiş möwsüminiň ýokary hilli, bellenen möhletlerde hem-de agrotehnikanyň ähli düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu maksatlar bilen, welaýatlaryň ähli etraplarynda bugdaý ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlemek işleriniň depginini güýçlendirmegi, gögeriş suwuny öz wagtynda tutmagy hem-de bugdaý ekiljek meýdanlara ekişden öň fosfor döküniniň bellenen kadalara laýyklykda doly berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ekiş döwründe oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, degişli düzümleriň netijeli işini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaçalara ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini göwnejaý gowulandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň şäherlerini hem-de obalaryny gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlamak meselelerine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşiniň meselelerine degip geçip hem-de onuň başlanmagynyň mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän çagalar üçin iň ýatda galyjy wakalaryň birine öwrülmelidigini belläp, bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna oba we suw hojalyk ministri N.Sapardurdyýewi çagyrdy. Ministr güýzlük bugdaý ekişine girişmäge görülýän taýýarlyk, gowaça ýokary hilli ideg edilişiniň üpjün edilişi hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe wajyp meselelere ünsi çekip, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de şu oba hojalyk möwsüminde meýdan işleriniň depginlerini güýçlendirmek maksady bilen, ýer eýeleriniň dökünleriň zerur möçberi bilen öz wagtynda üpjün edilmegini we ekerançylygyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň ylmy esasda alnyp barylmagyny hem-de beýleki zerur oba hojalyk çäreleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegini üpjün edip, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýer eýeleriniň ýokary hilli tohumlar, dökünler, döwrebap tehnikalar, suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly möçberde üpjün edilmelidigini aýdyp, geljekki hasylyň düýbüni tutýan ekiş möwsüminiň üstünliginiň häzirki agrotehniki işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilişine baglydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ş.Meretliýewi göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna çagyryp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mineral dökünler bilen üpjün edilişine degişli birnäçe düýpli belliklerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mineral dökünleriň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak boýunça himiýa senagatynyň öňünde duran wezipeleri nygtap, olary çözmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny berjaý etmek boýunça işleriň dowam edýändigini, bellenen ähli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň günüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.

Degişli makalalar

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynda 2017-2019-njy Ýyllarda Başlyklyk Etmegi Bilen Baglanyşykly Guramaçylyk Meseleleri Çözülýär

turkmenhabargullugy