25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Grek-Rim Boýunça Türkmen Pälwanlary Maşgala Däplerine Eýerýärler

Grek-Rim Boýunça Türkmen Pälwanlary Maşgala Däplerine Eýerýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek türkmen türgenleriniň içinde grek-rim boýunça pälwanlar maşgala däplerine eýerip gelýänleriň aýdyň mysalydyr.

Pälwanlaryň altysy atalaryndan ýa-da doganlaryndan görelde alyp, maşgala däbini dowam etdirýän bolsalar, galan bäşisi ene-atalarynyň berk öwüt-ündew bermegi esasynda göreş bilen meşgullanyp başladylar.

Olaryň arasynda, 130 kg agramda çykyş etjek Süleýman Berdiýewiň hekaýasy has gyzykly bolar. Ol öz kakasy mähriban watanyna şöhrat getirmek üçin erkin göreş bilen ýaryş düşekçesine çykan meşhur pälwan Maksat Berdiýewden görelde alyp, göreş bilen meşgullanyp başlady.
“Kakam meniň üçin görelde nusgasy bolansoň, men elmydama erkin göreş bilen meşgullanaryn öýdýärdim. Öz sport tejribämi hut şondan hem başladym. Emma birnäçe aýdan, tälimçilerim ellerimiň myşsalaryny berkitmegi, munuň üçin grek-rim göreşi bilen gysga wagt meşgullanmagymy maslahat berdiler. Çünki bu sport görnüşi bedeniň ýokarky bölegini, esasan hem elleri türgenleşdirmek üçin zerur bolup durýar.

Gysgaça aýdanymda, göreşiň bu görnüşini derrew ele aldym. Mundan soň, men erkin göreşe gaýdyp gelmedim. Meniň kakam muňa juda gynandy, emma ahyrynda gelen netijäm bilen ylalaşdy” diýip, Belarussiýanyň Milli tehniki uniwersitetiniň talyby bolan Süleýman belledi.

Ilkibaşdaky nägileligine garamazdan, Süleýmanyň kakasy indi öz ogluny doly goldaýar we Aşgabat 2017-niň oýunlarynda ýaryşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

“Süleýmanyň grek-rim göreşi bilen meşgullanyp başlamak boýunça gelen netijesi bilen uzak wagtlap ylalaşyp bilmedim. Ilkibaşda, erkin göreş bilen meşgullanmak üçin onuň tehnikasy ýetmezçilik edýändigi sebäpli, şeýle netijä gelendir diýip pikir edýärdim. Emma indi onuň dogry netijä gelendigine gözüm ýetýär. Onuň jigisi Ýusup hem ondan görelde alyp, grek-rim göreşi bilen meşgullanýar” diýip, Maksat aga buýsanç bilen aýdýar.

71 kg agramda ýaryşa gatnaşýan türgen Aly Seýidow hem sporta ugrukdyran maşgalasyna minnetdarlyk bildirýär: “Grek-rim göreşi bilen meşgullanmak meniň ata-babalarymdan gaýdýar. Meniň kakam Samir SSSR-iň milli ýygyndy toparynyň agzasy bolan, doganym Halil bolsa häzirki wagtda milli ýygyndy toparyň tälimçisiniň kömekçisi bolup işleýär. Şeýlelikde, meniň çagalygymdan bäri sport öz täsirini ýetirip gelýär. Maşgalamda göreş bilen meşgullanýan bu iki hossarymyň hemişe degerli maslahatlary bermegi meniň üçin ullakan goldawdyr. Aşgabat 2017 oýunlary bolsa sport tejribämde ilkinji halkara ýaryşdyr we men oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.

Göreşde 75 kg agramda çykyş edýän Şermet Permanowyň aýtmagyna görä, dostlar maşgala hasaplanýar we olar ýaly türkmen pälwanlaryň durmuşynda wajyp orny eýeleýärler: “Men entäk 4-nji synp okuwçysykam dostlarym bile bilelikde göreş bilen meşgullanyp başladym. Olar bilen şu wagta çenli aragatnaşyk saklaýaryn. Çünki dostlarym Türkmenabat şäherinde, öýümiň golaýynda täze açylan sport mekdebine girmäge höwes döretdiler. Şeýdip, men sport älemine gadam basdym we häzirki wagtda men göreş tälimçisi bolup işleýärin”.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Rosgi Rejepow hem Aşgabat 2017 oýunlarynda türkmen türgenleriň ýeňiş gazanjakdyklaryna berk ynanýar: “Men bu topar bilen 2009-njy ýyldan bäri işleşýärin we häzirki wagta çenli biz bilelikde uzak ýol geçdik. Olar yhlasly türgenleşmek bilen ýurdumyzyň we daşary ýurduň birnäçe okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdylar. Türkmenistanda geçirilýän ýaryşa gatnaşmazdan öň, olar Russiýanyň paýtagty Moskwanyň we Özbegistanyň Daşkent şäherleriniň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşarlar. Pälwanlar Oýunlarda ýaryşmaga taýýar we onda öz ussatlyklaryny görkezerler”.

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşlar 25-nji we 26-njy sentýabrda Aşgabat Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriler.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Täze Desgalar Ulanylmaga Berildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-Germaniýa: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Giňeldilýär

turkmenhabargullugy

Noýabryň sport syny.

syrach