18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

„Aşgabat 2017“; Yklymyň Sport Taryhynda Täze Sahypa

„Aşgabat 2017“; Yklymyň Sport Taryhynda Täze Sahypa

Sentýabrda türkmen paýtagty sebitde ilkinji bolup ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny kabul eder. „Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk“ şygary bilen geçiriljek „Aşgabat 2017“ Oýunlary sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini wagyz etmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygygny giňeltmek boýunça milli ähmiýetli uly tasalama boldy. V Aziada sebitde goşulyşmagyň we yklymyň sport taryhynda täze sahypa açýar.

17-nji sentýabrda başlanýan ýaryşyň uly möçberlidigine şular hem şaýatlyk edýär. Okeaniýa ýurtlary ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşarlar, oňa gatnaşýanlaryň sany 64-e ýetdi. Oýunlaryň maksatnamasyna türkmen lideriniň başlangyjy bilen milli göreş we atçylyk sportynyň gyzykly görnüşi bolan konkur goşuldy.

Aşgabatda sebitde iň uly köpugurly we döwrebap enjamlaşdyrylan sport toplumy—sportyň dürli görnüşleri boýunça abraýly halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin şertler döredilen dürli ähmiýetli binalaryň 30-dan gowragy bolan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ilkinji gezek Oýunlardan öň 500 günlük atly ýörüş geçirilip, ol ýurduň taryhy-medeni we tebigy gözellikleri, türkmen halkynyň däpleri we gazananlary bilen tanyşdyrýar. Ilkinji gezek köp ugurly spor klasterinde ýeke relsli ýol esasy ulag serişdesi bolar…

Otlylar onda polat däl-de, rezin tigirlerde ýöreýär. Şunda goh, sarsgynlar bolmaýar, ol endigan hereket edýär. Olimpiýa şäherçesine şeýle otlylaryň üçüsi hyzmat eder. Onuň uzynlygy 25 metr, hersi ýaryşa gatnaşýanlaryň we tomaşaçylaryň 75-sine nniýetlenen dört moduldan ybaratdyr. Ýoluň ugrunda birnäçe duralga bar.

Ýoluň belentligi 6 metrden 20 metre çenli bolup, onuň jemi uzynlygy 5 müň metrden gowrakdyr. Ol ýerüsti köprülerden Atatürk köçesini iki gezek kesip geçýär, paýtagtyň nepis gözelligne sazlaşykly utgaşan köprüleriň hersiniň uzynlygy 100 metrdir.

Olimpiýa şäherçesiniň esasy binasy belentligi 50 metre golaý we meýdany 145 müň inedördül metr bolan 45 müň tomaşa niýetlenen stadiondyr. Beýleki binalaryň arasynda söweş sungaty, taý boksy we kikboksing, agyr atletika üçin meýdançalar, sportyň suwda oýnalýan görnüşleri toplumy, açyk howdan, ýapyk welotrek, ýeňil atletika toplumy, köpugurly sport toplumy, açyk we ýapyk tennis meýdançalary, türgenleşik zallary, sportyň oýnalýan görnüşleri üçin we atçylyk sporty toplumy, trenažýor zallary bar. Sport wekilýetleriniň ýaşamagy üçin ýaşaýyş jaý toplumy, „Sport“ e „Olimpiýa“ myhmanhanalary, telekeçilik we medeni-dynç alyş merkezleri, lukmançylyk-dikeldiş we media merkezleri, köpgatly awtoduralgalar guruldy, onuň daş-töweregi abadanlaşdyryldy.

Olimpiýa şäherçesi Ispaniýanyň „ATOS“ kompaniýasynyň maglumat-kommunikasiýany we Oýunlaryň gidişini dolandyrýan enjamlar bilen üpjün edilen.

Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda geçirilen halkara synag ýaryşlary binalaryň ählisiniň, olaryň işgärleriniň we meýletinleriň V Aziada taýýardygyny görkezdi.

Degişli makalalar

Bildiriş

Türkmen Ekerançylary Güýzlük Bugdaý Ekişine 23-nji Awgustda Girişerler

Türkmen Kikboksçylarynyň Dokuz Medaly

syrach