37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Aşgabat II» Uly Hasap Bilen Ýeňiş Gazandy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda «Aşgabat» toparynyň ýaşlar düzümi «Merw II» toparyny kabul etdi.

Bu duşuşykda hüjümde netijeli oýnan ýer eýeleri 5:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Şeýlelikde, gazanan bu ýeňşinden soň 10 utuk toplan paýtagtymyzyň adybir topary ýaryş tertibinde 5-nji orna geçmegi başardy. «Merw II» topary hem 10 toplamagy başardy. Ýöne özaralarynda duşuşygyň netijesine görä, paýtagtymyzyň topary 5-nji ornunda ornaşdy.

Futbol birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 27-nji hem-de 28-nji maýda geçirilip, onda «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II» hem-de «Energetik II» – «Nebitçi II» toparlary duşuşarlar.

«Şagadam II» – «Ahal II» toparlaryň arasyndaky bu tapgyryň duşuşygy 20-nji iýuna süýşürildi.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

«Aşgabat II» – «Merw II» – 5:0

Gollar: 12 (11 m.j.u,), 21 Mergen Sapaşeý, 66 Perman Bekmämmedow, 72 (11 m.j.u.), 75 Hojanazar Gurbanow («Aşgabat II»)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Garagumum-Baýlyk-Hazynam

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Ikiçäk Gepleşikleri Geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi