20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SAGLYK

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri Bilen Wideo-Maslahat

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi.

Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda täze görnüşli koronawirus pandemiýasy döwründe howanyň gyzmagyna taýýarlyk görmek boýunça jikme-jik tehniki maglumatlat barada bellenilip geçildi.

Şol sanda, gatnaşyjylara, öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirmäge ýardam edýän, BSGG-niň pandemiýa döwründe we gyzgyn howada saglygy goramak boýunça maglumat beriji onlaýn-materiallary barada gürrüň berildi.

 

Türkmenistanyň we German Ykdysadyýetiň Gündogar Komitetiniň Wekilleri Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Ileri Tutulýan Ugurlaryny Ara Alyp Maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy jenap Oliwer Hermes «German ykdysadyýetiniň umumy kesgitlemesi, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de pandemiýa bilen baglylykdaky dünýädäki ýagdaýlar» temasy boýunça çykyş etdi. Gepleşikleriň çäklerinde ýurdumyz bilen özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary we wirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýetirip biljek täsirleri kesgitlenildi.

Duşuşygyň çäklerinde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň suw hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen «UMAX Trade» taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar «UMAX Trade» tarapyndan berilen tekliplere hem-de ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygyň netijeli durmuşa geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bu babatda ileri tutýan ugurlaryna seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda işjeňleşdirilmegi boýunça ylalaşdylar we bu ugurda 2021-nji ýylda Türkmenistanda indi 7-nji gezek geçiriljek GFR-niň Ykdysadyýet günleriniň geçirilmegi teklip edildi, nemes kompaniýalarynyň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleriň ýygjamlaşdyrylmagyna hem seredilip geçildi. DIM

Degişli makalalar

BMG-niň we Türkmenistanyň Pudak Edaralarynyň Wekilleriniň Özarahereketleriň Derwaýys Meseleleri Boýunça Duşuşygy Geçirildi

Birža Täzelikleri

Türkmenistanyň we Russiýanyň At Gazanan Tälimçisi Ýuriý Ambarsumow „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Myhmany