22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Aşgabat» Stadionyndaky Dabara

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda sport ýaryşlary hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň, şeýle-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň türgenleriniň gatnaşmagynda görkezme çykyşlary guraldy.

Köpçülikleýin sport çäreleri «Aşgabat» köpugurly stadionynda ýaýbaňlandy. Sport ussatlarynyň, tälimçilerdir ýaş türgenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň başynda beden maşklary ýerine ýetirildi.

Soňra sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyşlara badalga berildi. Ýörite monitorda Sport we iş meýilnamasyna laýyklykda edilen işler, gazanylan üstünliklerden söz açýan wideoşekilleriň görkezilmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Merkezi futbol meýdançasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň türgenleriniň arasynda futbol duşuşygy boldy. Şonuň ýaly-da, futbol meýdançalarynda Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň, «Olimp» orta sport mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň türgenleri hem futbol boýunça özara duşuşyklary geçirdiler.

Gimnastika, kýokuşinkaý karate, adaty karate, taekwondo (ITF), karate-do, tennis, stol tennisi, ýeňil atletika, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, küşt, şaşka we düzzüm, el göreşi boýunça özara bäsleşikler, rolikde aýlanmak, welosipedli ýöriş hem-de önümçilik maşklary ýerine ýetirildi.

Sport çäreleriniň köpçülikleýin ýagdaýda guralmagy ol ýere ýygnanlarda özboluşly täsir galdyrdy.

Allanur ÇARYÝEW,

«Türkmen sporty» gazeti

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap Welaýatyna Iş Sapary Başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap Welaýatynda Gurlan Metjidiň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy