35.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Aşgabat” Ýoldaşlyk Oýnunda “Nebitçiden” Üstün Çykdy

Paýtagtymyzda okuw-türgenleşigini geçirýän “Aşgabat” bilen Balkanabat şäheriniň “Nebitçisi” ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan paýtagtymyzyň topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýeri gelende bellesek, “Aşgabat” topary geçen möwsümiň jemi boýunça toplan 31 utugy bilen ýaryş tertibinde 6-njy orny eýeläpdi. 27 utuk toplan “Nebitçi” bolsa futbol çempionatymyzy 7-nji orunda tamamlapdy.

Paýtagtymyzda geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de birinde “Aşgabat” hem-de “Köpetdag” toparlarynyň ýaşlar düzümleri güýç synanyşdylar. Bu duşuşyk “Köpetdag II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýoldaşlyk duşuşyklary:

«Aşgabat» – «Nebitçi» – 3:1

«Aşgabat II» – «Köpetdag II» – 0:1

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Yzgantda Sambo Boýunça Jemleýji Duşuşyk Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugunyň Türgenleri Futzal Boýunça Ýeňiş Gazandylar

Türkmenistanyň Iň Beýik Nokady Bolan Aýrybaba Dag Depesine Alpinistler Aziada-2017-niň Nyşanyny Çykarar