26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Döredildi

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Döredildi

2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän Türkmenistanda Gaznanyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi. Anna güni geçirlen hökümetiň mejlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Çözgüde gol çekdi.

Resminama bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümi, onuň düzgünnamasy we edaranyň işgärleriniň sanawy tassyklandy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işini Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Düzgünnamasyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we onuň guramalarynyň derejesi hakynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda amala aşyrýar.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti Aral deňziniň meseleleri boýunça dörediji döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň, Gaznanyň Prezidentiniň we Müdiriýetiniň çözgütleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini, bu sebitde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem halkara guramalary, ýardam beriji ýurtlar, ekologiýa we beýleki gaznalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çözgüde gol çekip, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Aral deňziniň täsirlerini aradan aýyrmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň netijeli gatnaşyklary hem-de tagallalaryny birleşdirmegi üçin özboluşly binýat bolup durýandygyny belledi.

Türkmen lideri ekologiýa we suw diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Döwlet Baýdagynyň Güni Dabaraly Bellenildi

Ajy Tüsse-Jana Gussa

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda