26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ylym – suwdan rejeli peýdalanmagyň hyzmatynda

paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Suw damjasy – altyn dänesi” ähli halk baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralar dowam etdi. Ony Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gurady.

Türkmenistanyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna girizilen bu baýramçylyk uzak taryhyň dowamynda ýaşaýşy alamatlandyrýan suwy bahasyz gymmatlyk hasaplan türkmen halkynyň gadymy däpleriniň täzeden galkynmagyny şertlendirýär. Häzirki beýik Galkynyş eýýamynda halkymyzyň bu ajaýyp däpleri täze mazmuna eýe boldy we suw hojalygyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan netijeli ugurlar boýunça mynasyp dowam etdirilýär.

Paýtagtymyzda baýpramçylyk dabaralaryna düýn badalga berildi. Olimpiýa suw sport toplumynda türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkeziniň öňündäki meýdançada bolsa baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onuň maksatnamasyna suwy wasp edýän joşgunly aýdymlar we tanslar goşuldy.

Şu gün säher bilen Aşgabadyň etegindäki Garagum derýasynyň kenarynda geçirilen dabaralar baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazlaryň owazlary bolsa alyslardan eşdilip, baýramçylyga gatnaşýanlaryň we dabaranyň köp sanly myhmanlarynyň ruhuny göterdi.

“Suw damjasy—altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara ýurldumyzyň hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Umumymymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyetçilik guramalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň arasynda “Şorlaşan ýerleri dikeltmekde we suwaryş desgalarynyň ulanylyşyny gowulandyrmakda ylmyň gazananlary we öňde baryjy tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar, suw hojalygynyň köp sanly işgärleri, zähmet weteranlary, pudagyň ylmy ulgamynyň wekilleri bar.

Paýtagtymyzyň teatrlarynyň we aýdym-saz toparlarynyň teatrlaşdyrylan çykyşlary baýramçylygyň esasyny düzdi.

Şu ýerde baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde sarp ediş bazarynda öňden belli bolan azyk harytlary we täze, owadan nyşanly önümler, şeýle hem çörek we konditer önümleri, etiň dürli görnüşleri, süýt önümleri, balyk we miwe-gök önüm konserwleri, çakyrlar we teşneligi gandyryjy suwlar gelşikli edilip goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde görkezilýän önümleriň hatarynda ýurdumyzyň suw hojalygynyň sebitleýin bölümlerinde bina edilen we häzirki döwürde gurulýan gidrotehniki desgalaryň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman suwaryş ulgamynyň enjamlarynyň we başgalarynyň kiçeldilen görnüşleri bar.

Ýörite howuzda bolsa ýaşajyk balyklar ýüzüp ýörler. Suw hojalygy ministrliginiň garamagyndaky “Ekologiýa” ylmy-önümçilik merkeziniň kärhanalarynda zagara, ak amur we tüňňimaňlaý balyklary ösdürilip ýetişdirilýär we açyk suw howdanlaryna goýberilýär. Şu balyklary köpeltmek arkaly derýalarda, ilkinji nobatda Garagum durýasynda biologik taýdan arassalaýyş geçirilýär. Şunuň ýaly usulyň derýa hanasyny ösümliklerden arassalamakda oňat netije berýändigi tejribede tassyk edildi.

Derýanyň kenarynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň işlerinden guralan sergi halkymyzyň suwa bolan rejeli gatnaşygyny aýdyňlygy bilen beýan edýär. Gadymy suw desgasy bolan jykyryň golaýynda küreklemek boýunça sport bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy. Derýada sessiz ýüzüp barýan gaýyklar gözel görnüşi emele getirýär. Derýanyň aňyrky kenarynda bolsa suw hojalygy ministrliginiň hünärmenleriniň gullugyndaky ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalar bar. Suw hojalygy ulgamynyň tehniki parkynyň üsti şunuň ýaly döwrebap hana arassalaýjylar bilen ýetirilip durulýar.

Milli göreş boýunça geçirilen bäsleşikler has-dy gyzykly boldy. Türkmen jigitleriniň at üstündäki oýunlarynyň tomaşaçylary hem az bolmady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” toparynyň jigitleri özleriniň ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýle hem baýramçylygyň çäklerinde Garagum derýasynyň kenarynda seýilgäh zolagynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Şu günki baýramçylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň suw hojalygynyň işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine iberen Gutlagy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi. Dabarada pudagyň zähmetkeşleri, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi hakda yzygiderli alada edýändigi üçin, döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden çykýan hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň suw hojalygy ulgamynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa arassa ganly, altynsow ahalteke bedewiniň sowgat berilýändigi yglan edildi.

Soňra suw hojalygy ulgamynyň aýratyn tapawutlanan işgärlerine –miraplara, mehanizatorlara we melioratorlara hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar baýramçylygyň baş bezegine öwrüldi. Ussat ýerine ýetirijiler we çeper höwesjeňler toparlary özleriniň çykyşlarynda mähriban topragymyzyň gözelligini, täze Galkynyş eýýamynyň asylly ýörelgelerini wasp etdiler.

Dabaranyň ahyrynda şu günki wakanyň we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň şanyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

Paýtagtymyzda şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar giç agşama çenli dowam etdi. Türkmenistanyň Baş drama teatrynda baýramçylyk mynasybetli “Özgertmeler nur çaýýar, adalatly ýoluma” atly teatrlaşdyrylan dabara guraldy. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynda “Bagtyýarlyk aýdymy” atly sazly çykyşlar boldy. Paýtagtymyzdaky Döwlet sirkinde bolsa baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Daşoguz Şäheri GDA Ýurtlaryndan Myhmanlary Garşylaýar

syrach

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistan-Katar: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

syrach