23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aşgabatda Bütindünýä Forumyň Çäklerinde Pudaklaýyn Işewürler Maslahaty Geçirildi

Aşgabatda Bütindünýä Forumyň Çäklerinde Pudaklaýyn Işewürler Maslahaty Geçirildi

Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ulag ulgamy boýunça işewürler maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şol taslamalar dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny ýakynlaşdyrmagy, tutuş sebitleriň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär.

Işewürler maslahaty ulag ulgamynda giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem ulag ulgamyny ösdürmegiň ählumumy düzgünlerini işläp taýýarlamaga gatnaşýan BMG-niň degişli edaralarynyň we düzümleriniň, iri halkara guramalarynyň we banklaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşyga belli halkara logistik, gurluşyk we tehnologik kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Olar degişli netijeli innowasion işläp düzmeleriň iri toplumyna eýe bolan ulag ulgamyny ösdürmekde uly tejribe topladylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki zaman köp ugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýilýär. Türkmen Lideri öz Gutlagynda bu maslahatyň degişli ulgamy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança öwrüljekdigine, dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Halkara derejesindäki işewürler toparlarynyň wekilçilikli duşuşygynyň Aşgabatda geçirilmeginiň dünýä bileleşiginiň, işewür toparlarynyň we iri maýadarlaryň giň gerimli ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, yklymyň söwda ýollarynyň çatrygy hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Gýan Çandra Açarýa işewürler maslahatyny açyp, ýurtlary ösdürmek hem-de ilatyň durmuş derejesini, ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak üçin dünýäniň ulag ýollarynyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen paýtagtynda geçirilýän ýokary derejeli işewür duşuşyklaryň degişli ugurda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde ähmiýetli ädim boljakdygyny belledi.

Şeýle hem umumy mejlisde ulag, logistika we iri maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy berkitmegi ugur edinýän esasy halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olaryň arasynda 2030-njy ýyla çenli Ösüş maksatnamasy hem-de BMG bilen gatnaşyklar boýunça Bütindünýä bankynyň toparynyň uly wise-prezidenti Mahmud Moheddin, Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) Prezidenti Žan Todt, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Prezidenti Umberto de Pretto, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) baş sekretary d-r Fan Lýu bolup, olar netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, iri logistik taslamalaryny işe taýýarlamak üçin forumyň aýratyn möhümdigini bellediler. Çykyş edenler Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň dünýä ýurtlarynyň nukdaýnazarlaryny hem-de Durnukly ulag ulgamynda halkara düzümlerini ýakynlaşdyrmakda ähmiýetini, Türkmenistanyň netijeli halkara başlangyçlarynda eýeleýän oňyn ornuny bellediler.

Işewürler maslahaty BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň çäklerinde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, ýük we ýolagçy awtoulaglaryny ösdürmek boýunça başlangyçlaryny amala aşyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de söwda, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti ýaly meselelere bagyşlanyldy.

Forumda durnukly ulagyň konsepsiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň maliýe netijeliligi, hereket howpsuzlygyny we pudagyň energiýa netijeliligini üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy ulag we logistik ulgamlarynyň ösmegine ýol açýan global mümkinçiliklere garaldy.

Şeýle hem maslahatyň barşynda howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň bu bölegini ösdürmegiň mümkinçilikleri, pudagyň düzümine maýalary çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň netijeli tagallalaryna, ýurdumyzyň başyny başlan, yklymyň ulag ulgamlaryny ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan giň gerimli taslamalara aýratyn üns berildi. Olaryň hatarynda Demirgazyk-Günorta ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly, Aşgabatda täze Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň hem-de Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň gurluşygy bar.

28-nji noýabrda açylýan Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) demir ýolunyň birinji tapgyrynyň gurulmagy ýurdumyzyň ulag pudagynyň taryhynda nobatdaky ähmiýetli waka öwrüldi. Halkara polat ýolunyň bu böleginiň türkmen hünärmenleri tarapyndan gurulmagy Türkmenistanyň dünýä ulag ulgamynda işleriniň gerimine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize netijeli hyzmatdaşlyga ýardam edýän gepleşikler meýdançasyna öwrülen duşuşygyň ajaýyp guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda hem-de Mizan işewürler merkezinde geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat öz işini tamamlady. Onuň ikinji güni maslahata gatnaşyjylar logistik ulgamlary ösdürmegiň ähmiýetli meselelerini hem-de geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň işi XXI asyrda jemgyýetçilik ulagynyň ornuna we görnüşlerine, ulag ulgamyny ösdürmek üçin energetikanyň ähmiýetine, garyşyk ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamyny döretmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň içerki serişdeleriniň we halkara hyzmatdaşlygynyň, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hasabyna iri logistik taslamalaryň maýalar bilen üpjün edilmegine bagyşlandy.

Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Şu gün Türkmenistan Transaziýa demir ýollary ulgamy boýunça hökümetara ylalaşygyna, Aziýa awtomobil ýollarynyň ulgamy boýunça hökümetara ylalaşygyna, Gury portlar hakynda hökümetara ylalaşygyna, Serhetlerde ýüklere gözegçilik etmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara konwensiýasyna goşuldy.

Düýn gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar bilen bilelikde ýurdumyz netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulmak işinde ähmiýetli ädim ätdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat şanly waka öwrüldi. Bu maslahata döwlet we hökümet baştutanlarynyň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen görnükli diplomatlaryň, syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen çemeleşmeleriň we maksatlaryň birmeňzeşdigini aýdyň görkezdi.

Degişli makalalar

Täze Ýyla Bagyşlanan Çäreler

Agzybirlik Bilen Beýiklik Tapan Nurberdi Han Hakynda Buýsançly Söhbet

Ilkinji Üstünlik

turkmenhabargullugy