19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabatda demirýol ulaglary pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň jemgyýetçilik işleri ministriniň geňeşçisi Abdul Jemil Haseriň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk häzirki döwürde köp ugurlar boýunça ýokary depginde ösdürilýär. Türkmenistan eýýäm köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň demirgazyk etraplaryny elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edýär. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan ugry boýunça elektrik energiýasyny geçirijileriň täze, uly möçberli şahasynyň gurluşygyna başlamak hakynda karara gol çekdi. Onuň durmuşa geçiirilmegi türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda ugradylýan möçberini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan-Owganystan-Paksitan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge görülýän taýýarlyk çaltlandyrylan depginde alnyp barylýar. Ýurtlaryň ikisiniň arasynda söwda hyzmatdaşlygynyň möçberi barha artdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisiniň belent münberinden dünýä ýaýylyp, owgan topragynda parahatçylygy we abadançylygy berkitmeklige gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi bellenildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanda ulag düzüminiň ösdürilmegi bilen bagly wajyp teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, milletiň Lideri geljekde owgan topragynyň çäginde dowam etmek mümkinçiligi bilen, Türkmenistandan Owganystana demirýolyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek teklibini öňe sürdi. Bu taslama halkara guramalary, gyzyklanýan ýurtlar we halkara maliýe institutlary işjeň gatnaşyp bilerdiler.

Şu günki duşuşyga gatnaşanlar Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm bölege öwrüljek täze demirýol ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligi bilen bagly anyk meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, gürrüň demirýolyň iki böleginiň: Türkmenistanyň çäginde Atamyrat –Ymamnazar ugrundaky 85 kilometrliginde we Owganystanyň çäginde Ymamnazardan Akina ilatly nokadyna çenli bolan 35 kilometrlik ugruň gurluşygy barada boldy.

Türkmen tarapy owgan kärdeşlerine häzirki wagtda Atamyrat-Ymamnazar bölegi boýunça taslama işleriniň ählisiniň diýen ýaly tamamlanandygy barada habar berdiler. Bu şaha boýunça gurluşyk Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň düzümleri tarapyndan ýerine ýetiriler. Owgan wekiliýetiniň agzalary türkmen hünärmenleriniň demirýolyň Owganystanyň çägindäki Ymamnazar-Akina böleginde tehniki- ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamaga we onuň gurluşygyna gatnaşmaklaryny teklip etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurtlaryň ikisiniň arasyndaky söwda ykdysady hyzmatdaşlygynyň depgini, şeýle-de täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi üçin kuwwatly itergi bolup, iri durmuş meseleleriň, şeýle hem ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligi babatynda netijeli çözgüdiň kabul edilmegine, maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berer we ýurtda ýagdaýyň kadalaşmagyna oňyn täsir eder. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda Işewürlik Toplumlaryny Gurýar

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

syrach