19 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Nurmuhammet Andalybyň döredijilik mirasy milli we dünýä ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

Daşoguz welaýatynyň merkezinde “Nurmuhammet Andalyp we Gündogaryň XVII-XVIII asyrlardaky edebi-medeni durmuşy” atly halkara ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Alymlaryň halkara duşuşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ajaýyp türkmen şahyrynyň hormatyna geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi hem-de Daşoguz welaýat häkimligi bilelikde guradylar.

Ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin Daşoguza gelen alymlaryň arasynda dünýäniň 30 ýurdundan dilçiler we taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we terjimeçiler, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, iri ylmy merkezleriň we edebiýat birleşikleriniň işgärleri bar. Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň medeni mirasyna uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Munuň özi adamzadyň ruhy genji-hazynasynyň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda okgunly ösýän gumanitar ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň alymlaryna we medeniýet işgärlerine hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşlerine dünýä medeniýetiniň ösüşi barada biziň garaýyşlarymyzy ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer.

Şu ýubileý ýylynda biziň ýurdumyzyň taryhy üçin örän şanly sene bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygynyň we belent ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe süren türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Andalybyň hormatyna dabaralaryň geçirilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Aşgabada gelip, entek onuň işi başlanmanka täze Galkynyş eýýamynda amala aşyrylýan çuňňur özgertmeleriň gerimi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Olar paýtagtymyzyň ajaýyp medeni merkezlerine baryp gördüler, olardaky täsin eserler bilen tanyşdylar. Myhmanlar şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine baryp gördüler. Şu gün irden bolsa Daşogzyň howa menzilinde hormatly ýaşulular, welaýatyň ýolbaşçylary, şäheriň jemgyýetçiliginiň wekilleri gadymdan gelýän asylly däbe görä, myhmanlary duz-çörek bilen garşyladylar. Höwesjeň döredijilik toparlary myhmanlara ajaýyp milli aýdymlary we tanslary peşgeş berdiler.

Türkmenler Andalybyň adyny uly hormat we söýgi bilen tutýarlar. Ol özüniň ajaýyp eserlerinde mähriban topragyny ussatlyk bilen wasp edipdir. Daşogzuň esasy şaýollarynyň birine, sazly-drama teatra Nurmuhammet Andalybyň ady dakyldy. Howa menzilinden şähere barylýan ýerde, geçen ýylyň ýazynda açylan çüwdürimler toplumynyň merkezinde ussat şahyryň ýadygärligi oturdyldy. Hut şol ýerde ylmy maslahatyň ilkinji dabaraly çäresi – Nurmuhammet Andalybyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Soňra Ruhyýet köşgüniň täze ajaýyp binasynda halkara ylmy-maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hökümet agzalary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ylym we medeniýet işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Daşogzuň okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.

Ajaýyp zalda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy şu wakanyň has uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrdy. Bu waka parahatçylygy we halklaryň özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, gumanitar ulgamda halkara ylmy gatnaşyklaryny giňeltmäge möhüm goşant bolar.

Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz ylmy maslahata gatnaşyjylary onuň işiniň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, halkara ylmy maslahatyň beýik şahyryň sarpasyny we mertebesini has-da beýgeltjekdigine, maslahatda şahyryň ýaşan döwrüniň taryhy we edebi durmuşy hakynda täze ylmy pikirleriň orta atyljakdygyna ynam bildirdi. “Ata Watana, ene topraga, gözel Diýara bolan baky söýginiň, umumadamzat gymmatlyklarynyň hem-de ynsan gözellikleriniň sözüň gudraty bilen nusgalyk derejä göterilmegi Nurmuhammet Andalybyň dünýä edebiýatynyň, tutuş adamzadyň öňündäki iň uly hyzmatydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Umumy mejlisde Täjigistandan we Azerbaýjandan, Russiýadan we Ermenistandan, Gazagystandan we Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan görnükli alymlar, döredijilik birleşikleriniň wekilleri, şahyrlar we terjimeçiler çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň, milletiň Lideriniň başlangyjy bilen ýurtda amala aşyrylýan çuňňur özgertmeleriň uly ornuny we ähmiýetini bellediler. Munuň özi halkara ylmy gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge ýardam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar Andalybyň öz döwrüniň ajaýyp wekili bolandygyny, köp sanly kämil şygyrýet eserlerini döredendigini, öz zehinini umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyşlandygyny, dünýäniň ruhy-akyl-aň ösüşine uly goşant goşandygyny nygtadylar. Häzir şahyryň 350 ýyllygynyň dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Andalybyň üç asyrdan gowrak mundan ozal döreden, Watany, mähriban topragyň gözelligini, ahlak päkligini we türkmenleriň ruhy baýlygyny wasp eden şygyrlary häzir hem özleriniň derwaýyslygyny ýitirmän gelýär. Andalyp örän zehinli şahyrlaryň hataryna girýär. Onuň döredijiligi çeperçilik taýdan kämilligi, žanrlarynyň köpdürlüligi, mowzuklara baýlygy, esasysy bolsa pikiriniň çuňlugy bilen tapawutlanýar diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekiliniň baý medeni mirasyna dünýäniň köp halklarynyň çuňňur hormat goýýandygy we giňden öwrenýändigi baradaky sözleriniň subutnamasy hökmünde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar özleriniň ene dillerinde Nurmuhammet Andalybyň ajaýyp şygyrlaryny okadylar. Ruhyýet köşgüniň ajaýyp zalynda şeýle hem söýgüni we gözelligi wasp eden Nurmuhammet Andalyba bagyşlanan goşgular okaldy. Ylmy maslahatyň öň ýanynda Ruhyýet köşgüniň giň eýwanynda geçirilen uly bolmadyk konsertde hem şahyryň goşgularyna düzülen aýdymlar belentden ýaňlandy.

Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahatyň işi bäş sany ylmy bölümlerde dowam etdirildi. Olarda Andalybyň milli mirasynyň ýurdumyzyň we dünýä medeniýetini ösdürmekdäki ornuna, Gündogar halklarynyň edebiýatlarynyň özara täsirine bagyşlanan gyzykly çykyşlaryň ençemesi diňlendi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda onuň eserlerini dünýäniň dürli dillerine terjime etmek barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Alymlar Andalybyň ýaşan we döreden döwrüni, türkmen akyldarynyň we şahyrynyň mirasyny mundan beýläk-de öwrenmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Andalybyň döredijiliginiň ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekdäki ähmiýeti babatda pikir alyşdylar.

Agşam maslahata gatnaşyjylar Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatryna türkmen nusgawy şygyrýetiniň ajaýyp wekiline bagyşlanan oýny görmäge çagyryldy. Myhmanlar teatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan serginiň eserleri bilen tanyşdylar. Şol ýerde görkezilýän zatlar Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, gadymy däp-dessurlary, türkmen halkynyň özboluşly sungaty, şeýle hem täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen ylmynyň we medeniýetiniň ösüşi barada gürrüň berýär.

Ertir “Nurmuhammet Andalyp we Gündogaryň XVII-XVIII asyrlardaky edebi-medeni durmuşy” atly halkara ylmy maslahaty Daşoguz welaýatynda öz işini dowam etdirer. Maslahata gatnaşyjylar şahyryň dogduk obasy bolan Garamazy obasyna, şeýle hem “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görerler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Harby Wekilliklerde Gyzgalaňly Möwsüm

Ahalteke Bedewi-Beýik Işlerimiziň we Täze Ýeňişlerimiziň Nyşany

Bahçeşehir Uniwersiteti: Ýokary Okuw Jaýyna Ýerleşmek Mümkinçiligi

turkmenhabargullugy