18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Aşgabatda Germaniýanyň Medeniýet günleri açyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu medeni çäre işjeň ösdürilýän türkmen-german gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolmak bilen, dostlukly halklaryň özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna, olaryň birek-biregi has ýakyndan tanamagyna ýardam edýär. Soňky ýyllarda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar, gol çekilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalar, halkara guramlarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna we ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Biziň halklarymyzyň birek-bireginiň ruhy durmuşyna uly gyzyklanma bildirmegi bu prosesiň möhüm şerti bolup durýar. Gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklar bolsa halklaryň ruhy durmuşynyň özara baýlaşmagyna ýardam edýär.

«Türkmenistan» kinokonsert merkeziniň zalyna örän köp adamyň ýygnanmagy dostlukly ýurduň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Şol ýerde bu çäräniň açylyş dabarasy boldy. Oňa medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylara Gutlagyny üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bu medeni çäräniň uly ähmiýetini nygtady. «Medeniýetleriň we sungatlaryň ýakynlaşmagy, döredijilik işgärleriniň ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegine alyp barýan aragatnaşyklaryň barha pugtalandyrylmagy biziň halklarymyzyň arasynda gurulýan dostluk köprüleriniň biri bolup hyzmat eder» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz Gutlagynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen garşylandy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Rolf Marun dabara gatnaşajylara gutlag sözleri bilen ýüzlendi. Ol döredijilik forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, gumanitar gatnaşyklary giňeltmekde bu çäräniň ähmiýetini nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostluk gatnaşyklary özara bähbitli gatnaşyklary etmäge, köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmatdaşlyk iki halkyň abadançylygyna hyzmat edýär.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, «Arne Ýansen» nemes jaz üçlüginiň we «Nurana» türkmen jaz sazandalarynyň konserti boldy. Özleriniň çykyşlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň tomaşaçylaryny haýran galdyran nemes ussatlary Aşgabatdaky çykyşynyň maksatnamasyna nusgawy we häzirki zaman sazlarynyň täsin kompozisiýalaryny we eserlerini goşdular.

Jaz-gitaraçy Arne Ýansen Germaniýanyň zehinli jaz sazandalarynyň biri bolup durýar. Ol özüniň meşhur kärdeşleri Oliwer Potrats (kontrabas) we Erik Şefer (kakylyp çalynýan saz gurallary) bilen bilelikde özboluşly jaz ugruny döretdi. Sazandalar jaz-rok sazlaryny ýerine ýetirmeýärler. Olaryň ýerine ýetirýän sazlary köplenç estrada—aýdym äheňine gönükdirilendir. Sazlaşykly, akgynly sazlar köp sanly diňleýjileriň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Olar germaniýaly myhmanlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna we ajaýyp zehinine şowhunly el çarpyşmalar bilen ýokary baha berdiler.

«Nurana» türkmen saz toparynyň sazandalary hem jaz agşamynda öz ussatlygyny görkezdiler. Olar hem jaz sungatynda özleriniň özboluşly ýoluny gözleýärler. Türkmen sazandalarynyň kompozisiýalary türkmen halk sazyna esaslanýar we etno-jaz äheňinde döredilýär. Türkmen jaz sazandalary özleriniň şu günki çykyşynyň maksatnamasyna «Ahal nagyşlary», «Türkmenistan» diýen kompozisiýalary goşdular. Nemes we türkmen jaz sazandalarynyň bilelikdäki çykyşy tomaşaçylar tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylandy. Sazandalar «Küşt depdi» sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Gürrüňsiz, dürli nesillere, dürli milletlere we medeniýetlere degişli sazandalaryň saza bolan öz garaýşy bar. Olar sazlary hem özboluşly ýerine ýetirýärler. Ýöne şu gün olaryň çykyşlary aýratyn sazlaşyk döretdi. Hut şeýle gatnaşyklar dürli ýurtlaryň adalaryna bir-birini ýakyndan tanamaga we oňat düşünişmäge, halklaryň ýakynlaşmagy babatda uly mümkinçiliklere baý bolan saz sungatynyň täsin dünýäsini özleri üçin açmaga ýardam edýär.

Ertir medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen we nemes hudożnikleri tarapyndan taýýarlanylan, hyzmatdaşlygyň we halklaryň, medeniýetleriň hem-de dinleriň özara düşünişmeginiň nyşany bolan «Baddi» aýyjyklarynyň tanyşdyrylyşy bolar. Her bir «United Buddy Bears» aýysy Birleşen Milletler Guramasyna girýän belli bir ýurda wekilçilik edýär. Şunda onuň degişli döwletiň hudożnigi tarapyndan özboluşly bezelendigini bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, «nemes aýysy» Berliniň tugrasynyň nyşany hem bolup hyzmat edýär.

Şol gün agşam tomaşaçylar Şekillendiriş sungaty muzeýinde Germaniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde açylan, türkmen we nemes arheologlarynyň Türkmenistandaky tapyndylaryna bagyşlanan fotosergi bilen tanşyp bilerler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Maryda Sadaka Berdi we Ministrler Kabinetiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Etmek Hakynda