26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Daşoguz Halkara Howa Menzili: Üns Beriň!

Daşoguz şäheriniň çäginden Aşgabada we welaýatara gidip-gelmek üçin adamlara şu aşakdaky ýagdaýlarda rugsat berilýär:

– Merhumy jaýlamak we belli günleri bilen baglanşykly däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek;
– Gaýragoýulmasyz ýarawsyzlyk ýagdaýlarynda;
– Ýakyn dogan-garyndaşlarynyň toý dabaralaryna gatnaşmak (toý edilýänligi barada degişli döwlet edarasy tarapyndan berilen tassyklaýjy resminamasy bolmaly);
– Gulluk zerurlygy sebäpli iş saparyna gitmek (degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy tarapyndan berilen tassyklanan gulluk iş saparynyň resminamasy bolmaly);
– Başga gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda;
Şeýle hem, howa menzilinde we gatnawlarda öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmegiňizi haýyş edýäris.

Çeşme: Daşoguz Halkara Howa Menzili

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Karimowa Gutlag Hatyny Iberdi

syrach

Belarus Döwlet Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklary Fakultetiniň Esasy Hünärmenleri Türkmen Talyplaryna Sapak Berdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

syrach