20.9 C
Aşkabat
15.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Aşgabatda KHBS-niň Hukuk Binýadyny Kämilleşdirmegiň Meselelerine Garaldy

Aşgabatda KHBS-niň Hukuk Binýadyny Kämilleşdirmegiň Meselelerine Garaldy

Aşgabatda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň derwaýys meseleleri” atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Mejlisiň, Adalat ministrliginiň, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň häzirki zaman ykdysady nusgalary, hususy KHBS we bäsdeşlik ulgamy, maliýeleşdirmegiň, gözegçilik etmek hem-de kanunçylyk taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, olaryň işiniň döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüşiniň wezipelerine laýyk getirmek Türkmenistanyň maglumat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, ony halkymyzyň ruhy-medeni däplerini nazara almak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň milli tejribesine ornaşdyrmak KHBS-ni döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselesi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de KHBS-niň işinde iň täze tehnologiýalary we döwrebap çemeleşmeleri ulanmak bu ugurda möhüm wezipedir.

 

Degişli makalalar

Üstünlikler we Şowsuzlyklar

Awazada 200 öýe niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar.

syrach

“DERT BILEN” MAGTYMGULY PYRAGY

syrach