19.5 C
Aşkabat
29.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

2017-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Walentin Şewalýow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygyny bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça okgunly ösüş munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Bu iki ýurduň ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli ýörelgelerinde guralýan giň gerimli hyzmatdaşlyga tarap ugra bolan üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Ukrainanyň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär we biziň ýurdumyzyň ukrain hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürýär.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ukrainanyň raýatlaryna işçi wizalary hem-de iş rugsatnamalaryny resmileşdirmek bilen baglanyşykly ähmiýetli meselelere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdürüljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

Hormatly Gümrük Gullugynyň Harby Gullukçylary we Işgärleri!

turkmenhabargullugy

Sazlaşyk-Üstünligiň Ganaty!

Baş Baýrak “Aşgabatda”