20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabatda Medeniýet Hepdeligi Geçiriler

Aşgabatda Medeniýet Hepdeligi Geçiriler

Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 22-27-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk dowam edýär.

Giň möçberli hepdeligiň çäklerinde milli ruhy – medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçiriler. Olaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şygryýet agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle hem V Aziýa oýunlary mynasybetli neşir we çaphana önümleriniň, fotosuratçylaryň sergisi, opera we sahna oýunlarynyň, çeper filmleriň görkezilişi guralar.

Muzeý işgärleriniň we arheologlaryň gatnaşmagynda geçiriljek ylmy maslahatyň barşynda milli taryhy –medeni mirasy mundan beýläk-de öwrenmegiň we wagyz etmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler hem-de sungat ussatlarynyň konserti guralar.

Degişli makalalar

Baku Open-2016

syrach

Mukamlar Köşgünde Baýramçylyk Konserti

syrach

Türkmenistanyň Parlament Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna Iş Sapary