14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Syýahat žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi.

Geçen ýylyň ahyryndan bäri çap edilýän bu žurnalyň okyjylary artýar, olaryň arasynda daşary ýurtly okyjylar hem bar. Bu neşir türkmen alymlarynyň we dürli ugurlara degişli hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýöriteleşdirilen neşiriň has täsirli, gyzykly we meşhur bolmagyna ýardam edip, syýahatçylyk baradaky meselä dürli nukdaýnazarlardan — medeniýet, taryh, etnografiýa, ekologiýa we başga-da birgiden ugurlar bilen baglanyşdyryp garamaga mümkinçilik berýär. 



Şeýle hem žurnal ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň jähetlerini beýan etmek arkaly, okyjylary şu ugurdaky täzelikler, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýar. Žurnalyň şu sanynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky tomusky dynç alyş möwsüminiň açylyşynyň öňüsyrasynda, birgiden ugurlar üçin niýetlenen täze desgalaryň birnäçesi barada gürrüň berilýär, bularyň gurluşygy ýurdumyzyň dürli pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça deňziň ýakasyndaky täze zolagyň çäginde alnyp barylýar. 

Täze belent myhmanhanalar we kaşaň kottejleriň toplumlary, maşgala bolup dynç alýanlar üçin dürli hyzmatlaryň berjaý edilmegi we göwnejaý şertleriň döredilmegi Hazaryň kenar ýakasynda dynç alýanlaryň sanyny ep-esli artdyryp, şol bir wagtyň özünde 7 müň adama ýetirmäge mümkinçilik berýär. Galyberse-de, Awazanyň kenar ýakasynda sport, medeni-dynç alyş toplumlarynyň, işewürlik we söwda merkezleriniň, täze seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi bu ýere dynç almak we iş bilen gelýän myhmanlaryň ählisi üçin amatly giňişligi döretmäge mümkinçilik berer. 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky bejeriş-şypahana ulgamyna degişli desgalary pasportlaşdyrmak ýurdumyzda myhmanhana hyzmatyny halkara ülňüleriniň derejesine ýetirilmegine täzeden badalga berer. Bu çäräniň ähmiýeti barada aýratyn makalada gürrüň berilýär. 

Hazar deňziniň ýakasynda döredilýän dünýä derejeli şypahana ýurdumyzyň örän uly tebigy mümkinçiliklerinden peýdalanmaga täzeçe, toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýän mysaldyr. Türkmen topragyndaky bu ajaýyp künjekde ekologiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna degişli taslamany amala aşyrmagyň esasy şerti bolup durýar we şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, gün, ýel energiýasyna degişli desgalary gurmagyň ähmiýeti artýar. 

Hazarýaka sebitinde ýel energetikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky makala hut şu möhüm ähmiýetli ugra bagyşlanýar. Awtor köp ýyllaryň dowamynda şu ýerdäki meteorologik gözegçilikler boýunça maglumatlary, nazary netijeler we amaly synaglar arkaly tassyklanan ylmy-tehniki hasaplamalary ulanmak arkaly Hazaryň kenar ýakasynda ýel energetikasyna degişli parky döretmegiň geljekki mümkinçiliklerini esaslandyrýar hem-de şol taslamanyň amala aşyrylmagynyň ykdysady taýdan amatly boljakdygyny we ilkinji nobatda, onuň türkmen tebigatynyň bu täsin künjeginiň ekologiýsyna oňyn täsirini ýetirjekdigini subut edýär. 

“Syýahat” žurnalynyň her bir sanynda syýahatçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri uly orun tutýar. Onuň şu sanynda maýa goýumlary boýunça we pudagara türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylýar. Hususan-da, bu hyzmatdaşlyk maglumatlaryň alşylmagyna, syýahatçylyga degişli işleri amala aşyrmaga ýardam berilmegine, iki ýurduň syýahatçylyk boýunça operatorlarynyň gös-göni hyzmatdaşlyk etmegine, şeýle hem Belgiýanyň ýöriteleşdirilen öňdebaryjy okuw merkezleriniň binýadynda şu ugur boýunça bilim berilmegine we ökde türkmen hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna degişlidir. 

Syýahatçylyk Beýik Ýüpek ýolunyň täsin galdyrýan taryhy tejribesini we ýörelgelerini täzeden dikeltmek arkaly, Ýewraziýa giňişliginde goşulyşylmagyna ýardam berýän möhüm ýagdaýa öwrülýär. Häzirki wagtda şol ýoluň ugurlary boýunça döwrebap ulag kommunikasiýalary çekildi. Bu ýol boýunça gatnawyň esasy serişdesi hökmünde polat ýollaryň çekilmegi diňe bir taryhy-medeni ýadygärlikler däl-de, eýsem biziň tebigy gymmatlyklarymyz bilen hem tanyşmaga şert döredýär. 

Žurnalda ýerleşdirilen makalada “Beýik Ýüpek ýoly” atly bu taslama barada jikme-jik gürrüň berlip, onda gadymy Merwde, Köne Nusaýda bolup gören ýewropaly syýahatçylaryň seslenmeleri we özlerinde galan täsirler baradaky gürrüňler beýan edilýär. Aşgabadyň gözelligine-de haýran galan bu syýahatçylar zehinli, sahawatly we myhmansöýer türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary bilen içgin tanyşdylar. 

Žurnalyň täze sanynda türkmen bedewleri baradaky makala ýerleşdirilýär. Şonda ahalteke bedewiniň tohumynyň gelip çykyşyna, Köpetdagyň eteginde atşynaslygyň kemala gelmegine degişli taryhy wakalar we subutnamalar, şu ugra degişli arheologik tapyndylar beýan edilýär. Ahalteke bedewleri gadymy geçmişden biziň günlerimize gelip ýetdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüşiň batly depgini bedew bady bilen deňeşdirilýär. 

Žurnalyň sahypalarynda milli zergärçilik sungaty bilen şahyrana tanyşdyrylmagy neşiriň bu sanynyň bezegini has-da artdyrýar. Bu sungat gadymyýetiň jümmüşinden gözbaş alyp, türkmen halkynyň döredijilikli pikirlenişiniň we medeni mirasymyzyň ajaýyp we has täsirli görnüşleriniň biri hasaplanýar. 

Žurnalda “Dünýä täsinlikleri” atly sözbaşy bilen makalalar çap edilýär. Bu gezek okyjylar Indoneziýadaky Komodo milli seýilgähi bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde täsin galdyrýan we komod aždarhalary diýlip atlandyrylýan äpet zemzenler ýaşaýar, bular Gyzylgumdaky zemzenlere meňzeşdir. Biziň çölümizdäki zemzenleriň ululygy Indoneziýadaky zemzenlere garanyňda iki essä golaý kiçi bolsa-da, Ýerdäki ewolýusiýanyň täsin jandarlarydyr we alym-zoologlaryň däl-de, syýahatçylaryň hem ünsüni çekýär. 

Ýakyn wagtda bularyň ählisi bilen Türkmenistandaky syýahatçylyga we gezelençlere bagyşlanan ýöriteleşdirilen saýt arkaly tanşyp bolar, şol saýtda “Syýahat” žurnalynyň ähli sanlaryny elektron görnüşde edinmek bolar. 

“Standart, hil we howpsuzlyk” 

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan her çärýekde türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän ylmy-tehniki žurnalyň nobatdaky sany ýurdumyzyň standartlaşdyrmak ulgamyny tehniki taýdan kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak, menejmentiň, energiýany we serişdeleri tygşytlamagyň ulgamlaryna laýyklygyna baha bermek, halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlyk boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berilýär. 

Bu žurnal “Türkmenstandarlary” Baş döwlet gullugynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen başlanýar. Makalada okyjylar standartlaşdyrmagyň milli gullugynyň gazananlary we üstünlikleri bilen jikme-jik tanyşdyrylýar, ylmy we tehnikany batly depgin bilen ösdürmek, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini bellenilen talaplara laýyk getirmek bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun degişlidir. Makalada “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň öz taryhynda bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde hiliň dolandyrylyşyny halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek, zähmeti guramagyň döwrebap usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça uly işleriň geçirilendigi we munuň ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýändigi bellenilýär. 

“Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ölçeg birlikleriniň ulgamyny kadalaşdyrmak, ölçegler hem-de agramlar boýunça Halkara baş maslahaty tarapyndan kabul edilen gulluklaryň birlikleriniň ýurdumyzda ulanylmagyny ýola goýmak maksady bilen, şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanda ulanylmaga rugsat berlen gulluklaryň birlikleriniň sanawyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekildi. “Ýurdumyzyň ölçeg ulgamyny ösdürmekde täze ädim” atly makalanyň awtory kabul edilen bu resminamanyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň ölçegleriň gerimini has-da giňeltmäge, ölçegleriň takyklygyny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny, durmuş we ylmy-tehniki ulgamlary ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berjekdigini belleýär. 

“Standartlar raýatlaryň saglygynyň we abadançlygynyň goragynda” atly makalada dokma we ýeňil senagatyň önümlerini barlamak boýunça barlaghananyň işi bilen tanyşdyrylýar. Şol barlaghanada harytlaryň we önümleriň radiologik, himiki-toksikologik we elektromagnit görkezijiler boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýändigi barlanýar. 

“Döwlet gözegçiligi we hil” atly bölümde birnäçe makalalar ýerleşdirilýär. Olaryň awtorlary “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işgärleriniň täze taryhy eýýamda bildirilýän talaplary ugur edinip, önümçilikde şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna we aradan aýrylmagyna, zähmetiň howpsuz bolmagyny üpjün edýän serişdeleriň we usullaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň geçirilmegine örän işjeň gatnaşmak arkaly, döwlet ösüşindäki möhüm ähmiýetli wezipeleriň berjaý edilmegine önjeýli goşant goşýandygyny belleýärler. 

Ýokary tehnologiýalaryň ösmegi we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde, häzirki döwürde jemgyýetiň durmuşynda radioelektronikanyň we elektrotehnikanyň ähmiýeti barha artýar. Alyjylaryň radio we elektrotehnika önümlerine bildirýän isleginiň artmagy olaryň hili, şol sanda şu ugur boýunça hereket edýän halkara standartlaryna laýyk gelmegi babatda täze talaplaryň bildirilmegine getirýär. Žurnaldaky makalalaryň birinde ýurdumyzyň standartlaşdyrmak gullugynyň işgärleriniň şu ugurda alyp barýan toplumlaýyn işi beýan edilýär. 

Okyjylara “Işiň oňyn netijelerini gazanmak – ösüşlere badalga” atly makala hem hödürlenýär. Balkan welaýatynyň “Türkmenstandarlary” döwlet gullugynyň işi bilen tanyşdyrýan makalada standartlaşdyrmak boýunça milli ulgamy ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary birikdirmek arkaly, gullugyň hünärmenleriniň önümiň hiline gözegçilik etmek, ölçegleriň bitewüligini we ygtybarlylygyny üpjün etmek, ýerasty baýlyklary goramak we rejeli ulanmak, şeýle hem zähmetiň howpsuzlygy boýunça ileri tutulýan wezipeleriň berjaý edilmegine önjeýli goşant goşýandygy bellenilýär. 

Žurnalyň nobatdaky sany “Resmi habarlar” bilen jemlenýär, şonda resminamalaryň — Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi baradaky kararlary ýerleşdirilýär. 

Neşir Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan örän ýokary derejede çap edildi. Bu neşir özboluşly we döwrebap bezegi bilen tapawutlanýar. 

“Miras” 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golzýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çap edildi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän makalalarda okyjylar türkmen halkynyň baý ruhy we taryhy-medeni mirasyny, adamzat siwilizasiýasynyň bütindünýä ösüşi bilen baglylykda, türkmen döwletiniň kemala gelmeginiň we ösüşiniň wajyp ähmiýetli taryhy döwürlerini öwrenýän ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň –filosoflarynyň, taryhçylaryň, arheologlaryň, filologlaryň, sungaty öwrenijileriň, medeniýeti öwrenijileriň ylmy-barlaglarynyň netijeleri bilen tanyşdyrylýar. 

Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlagy çap edilýär. Şu ýylda bu baýramçylyk Türkmenistanda köp sanly belent mertebeli myhmanlaryň we daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňden bellnilýär. 

Şeýle hem žurnalda milli Liderimiziň şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen “Golýazmalar – milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagy ýerleşdirildi. Şonda döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň egsilmez genji-hazynany — umumyadamzat gymmatlyklar hazynasynyň möhüm bölegini tutýan baý golýazma mirasyny döredendigini belleýär. 

Žurnalyň şu sanynyň sahypalarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan bu maslahata gatnaşyjylaryň makalalary ýerleşdirilýär. 

Adaty “Täze açyşlar we işläp düzmeler” atly bölümde “Pampelliniň “Änewiň gadymy ösüşi” eseri barada” diýen makala ýerleşdirilýär. Onda awtor entek hem Günorta Türkmenistanyň çäginde düýpli arheologik gözlegler geçirilmänkä, belli amerikan alymy-geology R.Pampelli tarapyndan bu ýerde gadymy siwizilasiýanyň örän ösen hem-de Mesepotamiýanyň, Müsüriň, Hindistanyň we Hytaýyň gadymy medeniýetleriniň ösüşine uly täsirini ýetiren bäşinji ojagynyň bolandygy barada möhüm ähmiýetli ylmy çaklamanyň öňe sürlendigini tekrarlaýar. 

Şol bölümde türkmen-oguz taryhynda kuwwatly we nesilden-nesle geçen imperiýalaryň birine bagyşlanan “Beýik Seljuklar döwleti: döreýşi, ösüşi, taryhy ähmiýeti” atly makala ýerleşdirilýär. 

Türkiýäniň Izmir Ykdysadyýet uniwersitetiniň Dil-edebiýat fakultetiniň türk dili boýunça utgaşdyryjysy, professor Fikret Türkmeniň orta asyrlara degişli golýazmalary we XIX asyrdaky syýahatçy Mehmed Emin Efendiniň “Syýahatnama” kitabyny deňeşdirip öwrenmegiň netijelerine bagyşlanan makalasynda gadymy Dehistan şäheriniň gülläp ösüşiniň we pese düşmeginiň taryhy boýunça belli bolmadyk sahypalar açylyp görkezilýär, bu şäher Maşat-Misserian diýip hem atlandyrylypdyr. 

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwidizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde daşary ýurtly alymlaryň makalalary ýerleşdirilýär, žurnalyň bu sanynda Täjigistan Respublikasyndan Faýzullo Boboýewiň At-Tabariniň “Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy” atly eserinde “Nubuwwat” (Pygamberlik hereketi) we “Feth” (Ýeňşiň şöhratlandyrylyşy) edebi görnüşleriniň ulanylyşy baradaky makalasy çap edilýär. 

Žurnalyň “Ylmy we medeni durmuş habarlary” atly bölüminde tanymal rus antropology N.Dubowanyň “Türkmenistanyň kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen gadymy ilatyň medeniýeti” atly makalasy ýerleşdirilýär. Şonda okyjylara Balh-Margiana arheologik toplumyň Goňurdepe ýadygärligi we hususan-da, 2012-nji ýyldaky täsin arheologik tapyndylar barada gürrüňe dolanyp gelmäge mümkinçilik döredilýär. 

Hemişe bolşy ýaly, birkemsiz bezelen žurnalyň bu sanynyň ahyrynda çekilen suratlar we fotosuratlar, şu ýylyň birinji çärýeginde Garaşsyz Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyndaky wakalar boýunça syn, şeýle hem “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň 2012-nji ýyldaky sanlarynyň mazmuny çap edilýär.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Döredijilik Işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Pul Baýraklaryna Mynasyp Boldy

Wagyz-Nesihat Otlusy Sungat Işgärleri Bilen Aşgabat-Türkmenabat Ugry Bilen Ýola Düşdi

syrach

Iýmit Önümlerini Seljermek Boýunça Türkmenistanyň Barlaghanalarynyň Ygtybarly Işleri Halkara Derejesinde Ykrar Edildi