22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Aşgabatda syýahatçylyk we sport ulgamynda halkara forum açylýar

Sergi köşgünde dünýäniň köp ýurtlaryndan syýahatçylyk kompaniýalarynyň we sport firmalarynyň wekillerini birleşdiren “Sport we syýahatçylyk Beýik Galkynyş zamanasynda” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açylýar. Halkara forum milletiň beden saglygynyň ösüşiniň meselelerine, şonuň ýaly-da syýahatçylyk pudagynyň netijeli ösdürilmegine uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we howandarlyk etmeginde geçirilýär. Onuň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

Halkara serginiň adyndan hem mälim bolşy ýaly, onuň esasy maksatlarynyň biri Türkmenistanyň syýahatçylykdaky ägirt uly mümkinçiliklerini we onuň durmuşa geçirilişiniň iň wajyp ugurlaryny açyp görkezmekden ybarat bolup durýar. Biziň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy-medeni mirasyna biz türkmen topragynyň hemme ýerinde diýen ýaly duş gelýäris. Munuň özi öňi bilen arheologiki ýadygärliklerdir. Olar dünýäde ägirt uly gyzyklanma eýe bolup, halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Syýahatçylyk pudagy bilen bir wagtda täze taryhy eýýamda sport hem uly ösüşe eýe boldy. Gysga wagtda ýurdumyzda Merkezi Aziýada iň iri sport toplumlary guruldy. Häzirki wagtda Aşgabatda ägirt uly desganyň – Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy alnyp barylýar. Sport bilen meşgullanmak giň gerime eýe bolýar.

Şeýlelikde sergä gelýänler, ilkinji nobatda bolsa biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlyrymyz, tebigatyň goralýan künjekleri bilen uzaýan hem-de Türkmenistanyň bütindünýä meşgur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän görnükli syýahatçylyk ugurlary hakynda aýdyň düşünje alyp bilerler.

Sport ulgamynda görkezilýän gymmatlyklar barada aýdylanda bolsa sergide häzirki zaman enjamlaryndan we gurallaryndan başga-da biziň türgenlerimiziň eýe bolan üstünlikleri: halkara ýaryşlarda we dürli çempionatlarda gazanylan köp sanly medallar, kuboklar, diplomlar görkezilýär.

Halkara serginiň çäklerinde şu gün adybir halkara ylmy maslahat hem açylar. Üç günüň dowamynda oňa gatanaşyjylar Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny we sportuny ösdürmegiň esasy ugurlaryny, özara gyzyklanmalaryň we mümkin bolan hyzmatdaşlygyň ugurlarynda anyk nukdaýnazary ara alyp maslahatlaşarlar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Ýuwentus” Wagtyndan Öň Çempion Edilip Bilner

Türkmen taekwondoçylary bäş sany medala eýe boldular.

syrach

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary

turkmenhabargullugy