26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Türkmen taekwondoçylary bäş sany medala eýe boldular.

Belarus Respublikasynyň paýtagtynda taekwondonyň ITF ugry boýunça Dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilýän ýaryşda Türkmenistanyň topary ýene-de iki sany – bürünç medallara eýe boldy. Bu üstünligi Muhammed Hudaýberdiýew we Arslan Batyrow 51 we 47 kilograma çenli agramlyk derejede 16-17 ýaşdaky ýetginjekleriň arasyndaky şahsy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmek arkaly gazandylar. 



Umuman alanyňda, munuň özi türkmenistanlylaryň Dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda gazanan bäşinji medalydyr. Şondan öň üç medaly – bir altyn we iki sany bürünç medallary ýetginjekleriň arasynda 57 kilograma çenli agramlyk derejede geçirilen bäsleşiklerde birnäçe gezek üstün çykan Annamyrat Goşanyýazow hem-de tuli (toplumlaýyn maşklar) boýunça bürünç medallara eýe bolan Gaýgysyz Atabaýew we Orazmyrat Çaryýew gazandylar hem-de Türkmenistanyň toparynyň gazanan medallarynyň sanyny artdyrdylar. 

Bäş sany medalyň, şol sanda bir altyn medalyň gazanylmagy örän ýokary netijedir, çünki Dünýäniň kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşa gatnaşmak üçin Belarusuň paýtagtynda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan güýçli taekwondoçylaryň 1100-e golaý ýygnandy. Şoňa görä-de, türgenlerimizi uly üstünlik gazanandygy bilen gutlamak bolar. Olar bu üstünligi ýetip gelýän uly baýramçylyga –Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşladylar!

Degişli makalalar

«Aziýanyň Çagalary-2019» Oýunlarynda Ýaryşlar Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Söweşjeň Sungat Boýunça Türgenleriň Üstünligi

syrach

Transfer Möwsümi Uzaldylar