18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
YLYM

Ýaşlar guramasynyň maslahaty geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň maslahaty geçirildi, onda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.

Forumyň işine Ýaşlar guramasynyň Merkezi we welaýat geňeşleriniň, umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän ähli iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek we jemgyýetçilik guramalarynyň işlerine degişli meseleler boýunça şu gün geçirilen iş maslahatynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak maslahatyň esasy meselesi boldy.

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň maslahatyna gatnaşyjylar türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň zähmet, watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesini işjeňleşdirmek, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen döwletini ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde olaryň goşandyny ýokarlandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň meýilnamasyny kesgitlediler.

Maslahatda guramaçylyk meselesine garaldy—Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň kararyna laýyklykda Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary A.Bekiýewa başga işe geçýänligi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy, onuň ýerine A.Aşyrow saýlanyldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Pariže bilim sapary.

syrach

Ähli Makalalar: Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy

Üstünlige Ýetmek Biziň Öz Elimizde!