21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Talyplara Begendiriji Habar

Talyplara Begendiriji Habar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Resminama laýyklykda ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmegiň meselelerini kadalaşdyrmak, milli kanunçylygy seljermek, bu ulgamdaky kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaşlarda iş endiklerini emele getirmek we olary hünäre ugrukdyrmak boýunça kämil ulgamy döretmek işlerini dowam etmek, şeýle hem ýaşlary işe ýerleşdirmek barada döwlet statistiki hasabatlylygynyň sanawuny girizmek işleri göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň öňe sürýän möhüm ugurlarynyň hatarynda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy boýunça şertleri döretmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek ulgamyny döretmek ýaly meseleler bar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, iş bilen üpjünçiligiň, öňi bilen bolsa ýaş nesilleriň işe çekilmeginiň ýokary derejesiniň ýola goýulmagynyň makroykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda halk hojalygy toplumynyň dürli ugurlary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagyň binýatlaýyn ulgamy we ýörite institutlar döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça maksatnamada göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

“Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” Karara gol çekip we onuň düzümini tassyklap, döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň kadalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Fransuz Žurnaly Türkmenistandaky Gazuw-Agtaryş Işlerine Bagyşlap Makala Çap Etdi