26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Asma Ýolda Gyş Şalygyna Gezelenç

Gyşyň ahyrynda, ýakyn gelen baharyň ýyly mähri bar zatda duýulýan döwri duýdansyz ýerden bol gar ýagdyryp, tebigat aşgabatlylara garaşylmaýan sowgat eçildi. Jaýlaryň üçegi, daragtlardyr ýerem ak lybasa bürendi. Fotohabarçymyz bilen bizem şäheriň etegi nähili gözel bolduka? — diýip gyzyklandyk-da, işimizi işjeň dynç alyş bilen utgaşdyrmak üçin asma ýoluň ýerleşýän ýeri bolan dag etegine seýile çykdyk.

Duw-ak gara bürenen tebigata syn etmäge diňe biziň gelmändigimize asma ýoluň başlangyç nokadyna golaýlaşanymyzdanam belli boldy. Awtoulaglar hatary egrem ýoldan gyş ertekisi bilen duşuşyga barýardy. Awtomobilleriň biri ýoluň gyrasynda saklanypdyr. Ruluň başynda zenan maşgala otyrdy, çagalaram dessine ulagdan düşüp, gar oýnap ugradylar.

-Asma ýoldan yzyňyza gaýdyp gelýärsiňizmi? –diýip biz ondan soradyk.

-Ýok, ýetip bilmedik. Ümür gaty güýçli – diýip zenan maşgala jogap berdi.

Dogrudanam, ümür goýydy, onsoňam günem käte-käte bulutlaryň aňyrsynda bukulyp, fotohabarçymyz Ýuriý Iwanowiç Şkurini alada goýýardy: ol:- howa surata almaga amatly däl — diýýärdi… Ýöne tebigat gözelligine maýyl bolup, beýlekileriň köpüsi ýaly, ýolumyzy dowam etdik. Gidenimizem bähbide çekdi, sebäbi bize gyş şalygy bilen duşuşyk we şadyýan duýgylar garaşýardy!

Ine-de, biz asma ýoluň kejebesinde, ol bizi ýokardan-ýokary alyp barýar. Paýtagtymyzy gurşap duran emeli tokaý ak-ýaşyl nagyşlary bilne özüne bendi edýärdi.

Myradowlaryň maşgalasy – kakasy Ahmet, ejesi Gülnar hemem olaryň ogly Nyýaz bize ýoldaş düşdiler. Olar hem ülkämiz üçin seýrek garly howada gezelenje çykypdyrlar. Oglanjyk ilki belentlikden gorkdy, ýöne ulularyň gözel tebigata höwes bilen syn edýändigini görüp, ol hem töwerekdäki manzara syn edip ugrady. Birdenem kejebämize ümür indi, bir minuta golaý daş-töweregimiz tümlük boldy.

Ýolda keýige duşanlar bagtly bolýarlar – diýip kimdir biri aýtdy welin, hemmämiz garda galan yzlara ünsli seredip ugradyk.

Nyýaz:

-Kaka, keýik– ýylanmy? – diýip sorady.

Hemmämiz gülüşdik.

Kakasy:

-Ýok, ol sugunyň jigisi – diýip kakasy düşündirdi.

«Anha! Ana, biri! Ikinjisi! Üçünjisi… Aşakda goşatoýnaklylar maşgalasyndan haýwanlar göründi, dogrusy, belentlikden olaryň haýsy jandardygyny saýgarmasagam, bagt bizden sowlup geçmez», – diýip pikir etdik.

20 minutdan biz deňiz derejesinden 1270 belentlikdäki ahyrky nokada gelip düşdik (ýokarky we aşaky nokatlaryň aratapawudy 700 metre golaýdyr).

Bu ýerdäki eýwanlar, dalanlar, gözegçilik meýdançasy adamlardan doludy, bizem olara goşuldyk. Ho-ol aşakda çal ümür basan ak mermer Aşgabat ýaýylyp ýatyrdy. Çep tarapda – ak garly gaýalaryň arasynda owadan telewizion diňi seleňläp görünýärdi. Mawy asman mymyjak bulutlar bilen örtülendi. Olaryň bir bölegi biziň duran ýerimizdenem aşakdady. Uçarlarda gezelenç edýänler, elbetde, olary ýokardan synlaýandyrlar. Ýöne ýerde durkaň aşakda görünýän bulutlara bakanyňda köňlüň heýjana gelýär!

Kaşaňja restoranda içen keýp çaglaýjy hoşboý ysly kofemiz şatlygymyzy goşalandyrdy. Keýpiçag halda hem yzymyza dolandyk…

Degişli makalalar

«Makul Sözlük» Sowgatly Krossword Yglan Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleriniň Wekillerine Ýüzlenme Bilen Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär: 07.03.2019 – 10.04.2019