24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Deňizde Ýüzüş Ulgamynda Hyzmatdaşlygyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, bu çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň «Rio+ 20» ählumumy maslahatynyň münberlerinden, şeýle hem bäştaraplaýyn Hazar sammitleriniň dowamynda beýan eden döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Kenarýaka döwletler tarapyndan kemala getirilýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady depginli ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri hökmünde ykrar edilen Hazar sebitiniň köptaraply mümkinçiligini amala aşyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Geçen ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bilen birlikde, bar bolan ylalaşyklary iş ýüzünde anyk durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ähmiýetli ädim boldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň taýýarlanylandygyny hem-de soňra olara gol çekilendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetine (KASPKOM) başlyklyk edýän döwründe gidrometeorologiýa baradaky sebitleýin komitetde degişli ylalaşygyň üstünde işlemek tamamlandy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmy barlaglar ulgamynda hem-de Hazarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmek işinde ylalaşyklaryň taslamalaryny ylalaşmak boýunça bilermenleriň duşuşyklary geçirilýär. Şol ylalaşyklary işläp taýýarlamak başlangyjy Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji Hazar sammitinde milli Liderimiz tarapyndan öňe sürüldi.

Mundan başga-da, Türkmenistan Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda ylalaşyga degişli teswirnamalaryň ikisini işläp taýýarlamak üçin gepleşikleri geçirmegi teklip edýär. Şol ylalaşyga 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň III sammitinde gol çekildi. Iki teswirnamanyň biri biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilik) garşy göreşmek babatda we beýlekisi bolsa deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça teswirnamadyr.

Bäşinji Hazar sammitiniň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan kabul edilen Beýannamada bu resminamalary ylalaşmagy tamamlamagyň hem-de Hazarda deňiz ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda aýratyn ylalaşygy taýýarlamagyň, deňizçilik işlerini dolandyryş edaralarynyň yzygiderli bäştaraplaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyň zerurdygy aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamy Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda oňyn we netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär. Şol gatnaşyklar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösdürilýär.

Biziň döwletlerimiziň aýratynlyklary Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda çäk taýdan amatly ýerleşmeginden ybaratdyr. Bu bolsa üstaşyr ibermek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça söwda ýollarynyň netijeli işlemegini üpjün edýän logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda uly mümkinçilikleri açýar.

Häzir ýurtlaryň her biri deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ýollary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň hem-de ýükleri daşamagyň multimodal ugurlarynyň döwrebap düzümlerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Hereket edýän yklymara ugurlary işjeňleşdirmek hem-de Hazaryň üstünden geçýän täze halkara geçelgeleri döretmek goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan has-da depginli ösmegine şertleri döreder, olaryň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Umuman, bularyň ählisi türkmen tarapynyň taýýarlan Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň möhümdigine güwä geçýär. Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň yzygiderli geçirilen duşuşyklary Teswirnamany ylalaşmaga bagyşlanyldy. Şol duşuşyklaryň üçüsi ozal hem Aşgabatda geçirilipdi, ýene-de ikisi EYR-nyň paýtagty Tähranda bolupdy.

Bu resminama deňiz gämileriniň heläkçilige uçramagynyň öňüni almak, gämileri dolandyryş toparlarynyň agzalarynyň hem-de ýolagçylaryň ömrüni we saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň özüniň daşaýan ýükleriniň goraglylygyny üpjün etmek ýaly düýpli ugurlar bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri gurşap alýar.

Üç günlük gepleşikleriň şu tapgyrynyň barşynda bilermenler, esasan, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar deňzinde Halkara deňiz guramasynyň (International Maritime Organization, IMO) esasy konwensiýalaryny hem-de teswirnamalaryny ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri giňden ara alyp maslahatlaşdylar.

IMO BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolmak bilen, halkara söwda gämi ýüzüşiniň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna jogap berýär, bu pudagyň tehniki meseleleri hem-de halkara deňiz gatnawlary amala aşyrylanda daşky gurşawyň goraglylygy bilen baglanyşykly kadalary we düzgünleri döretmekde hökümetleriň arasynda hyzmatdaşlyk üçin gurallary üpjün edýär.

Duşuşygyň çäklerinde wekiliýetleriň agzalary ady agzalan resminamalary Hazar deňziniň aýratyn hukuk derejesine laýyk getirmek üçin pikirlerini aýtdylar hem-de bu babatda anyk tekliplerini beýan etdiler.

Şu günki mejlise gatnaşanlar geçirilen gepleşikleriň netijelerini jemläp, täze teswirnamanyň hem-de oňa degişli düzgünnamanyň taslamasy boýunça pikirleri ylalaşmak işinde gazanylan ösüşi bellediler.

Şol resminamalara gol çekilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň öňdebaryjysy hasaplanýan möhüm ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemme mümkinçiliklere eýe bolan sebitiň ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hyzmat eder.

Degişli makalalar

Ekin meýdanlary ekişe taýýarlanylýar.

syrach

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar

Toý Düwünçegi