19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DURMUŞ

Asyrlaryň jümmüşine aralaşmak.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Ylym geçen asyrlaryň artefaktlarynda” atly sergi geçirilýär. Esasan hem bu ýerde Marguş ýurdundan tapylan tapyndylar, şeýle hem “Gadymy Merwiň” “Solatngala” galasyndan tapylan predmetleriň kolleksiýasy görkezilýär. Artefaktlaryň üsti shemalar, çyzgylar, fotosuratlar görnüşindäki ugurdaş maglumatlar bilen ýeyrildi. 



Seýrek duş gelýän eksponatlaryň arasynda biziň eramyzyň üçünji asyrynyň ahyryna ikinji asyryň başlary bilen senelenýän arabanyň kümüş segmetli tigiri-tekeri bar.. Araba Goňudepäniň gündogar böleginden – patyşanyň guburlarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapyldy. Şular ýaly dört tigirli eşek ýa-da at goşulan arabalarda merhumyň jesedi gonamçylyga daşalypdyr. Şular ýaly arabalaryň birnäçesi tapyldy, olar paýtagtyň muzeýinde hem bardyr. Özi hem ulagyň bu görnüşi gelip çykyşy hakyky ýerli bolup, ol beýleki gadymy siwilizasiýalryň, meselem Mesopotamiýanyň, arabalaryna düýbünden meňzeş däldir. 



Araba tigirleriniň tapylan ýeri gazylyp bolunandan soňra patyşanyň kümmetiniň nähili görnüşde bolandygyny syýahatçylara görkezer ýaly mulýaž ýerleşdirilendir. Bu taryhy ýadigärlyigiň saklanyp galmagynda hem, öwrenmek nukdaý nazardan hem wajipdyr. Sebäbi Goňurdepe indi ykrar edilen syýahatçylyk desgasyna öwrüldi. Köp sanly syýahatçylar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi diýlip ykrar edilen gadymy marguş ýurduny görmek üçin Türkmenistana gelýärler. Muny görkezilýän gadymy şäheriň çyzgysy, Goňurdepe ybadathanalary, keramiki dörtburçluklar, kiçijik ölçeglerden başlap uly göwrümdäki dürli görnüşdäki güldanlar tassyklaýar. Ynha-da çäýnek görnüşindäki gap, edil biziň çäýneklerimiz ýaly görnüşde, häzirkizaman, suwuklygy guýmak üçin niýetlenen. Ähtimal ol hem gündelik durmuş üçin niýetlenmän, jadygöýçülik üçin niýetlenendir. Onuň bäş müň ýyldan hem gowrak ýaşy bar. 

Indiki tekjede gadymy zergärkeriň ýasan zergärçilik önümleri bolan kulonlar, gulakhalkalar, gymmat bahaly daşlardan, kümüşden, faýansdan ýasalan monjuklar görkezilýär.Daşdan ýasalan kosmetiki zatlar, kümüş aýnajyklar, ýakymly ysly ýaglary we mazlary saklamak üçin kiçi göwrümli gaplar. Bularyň ählisi Anahita aýal hudaýynyň kiçijik keramiki şekiljagazyny emele getirýär. 



Marguş ýurdunda keramiki önümleri bezemek işleri ulanylmandyr. Şeýle-de bolsa gaplar özüniň owadanlygy, dürli gňrnüşliligi, taýýarlanyş usuly bilen geň galdyrýar. Iki-üç sany edip, biri-birilerini ýörüte garyndy bilen ýelmeşdirilen beýleki çaşka we dört gyraň görnüşindäki zatlaryň nämä niýetlenip ýaslandygy häzirlikçe syrlygyna galaýar. Keramikadan ýasalan prýaslisalar nämä niýetlenip ýaslandygyndan başga hem, özboluşly pul dolanşygynda hem ulanylypdyr. Oňa dürli önümleri çalyşmak, häýsydyr bir harydy alyp bolupdyr. Sergide görkezilýän gadymy möhürler, şol sanda daşdan ýasalan iki ýüzli möhürler hem, täsindir. Gepiň gerdişine görä aýtsak, marynyň muzeýinde Marguş ýurdundan tapylan möhürleriň iň uly toplumy saklanylýar. Ilkidurmuş gurluşy döwri keramiki küýze döwükleri – biziň döwrümisden öňki IХ-VI müň ýyllyklara degişli bolan mezolitlerde görkezilýär. Şular ýaly dürli görnüşli artefaktlar muzeýe gelýänleri Türkmenistanyň ýerlerine ilkinji göçüp gelenleriň kartasyny öwrenmäge borçly edýär. Bu ýerde görkezilýän kartalary Ýakyn we Orta Gündogaryň gadymy ýurtlarynyň kartalary bilen deňeşdirilende bu ýerde söwda kerwen ýolary arkaly gadymy medeniýetiň öz-özüniň üstüni ýetirýän, içinden eriş-argaş bolup geçýän giden bir anyk düzülişi emele gelýär. 



Sergini guraýjylar biziň ýurdumyzda arheologiýa ylmynyň ödürilmegi üçin örän köp işleri eden arhelog, rofessor Wiktor Iwanowiç Sarianidä uly hormat goýupdyrlar. Oňa bagyşlanyp onuň şahsy zatlary ýerleşdirilen aýratyn witrina döredilipdir.

Degişli makalalar

Gutlag

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

turkmenhabargullugy

Özbek Bilermeni Kartoşkanyň Agrotehnikasynyň Nowasiýalary Barada Gürrüň Berdi